SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Otly petekleri: 15 gün öňünden onlaýn almak bolar

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ilatymyza berýän hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmek, pudagyň maddy binýadyny berkitmek, häzirki zaman ülňülerine laýyklykda hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen möhüm wezipeleri amala aşyrýar.

“Demirýollary” AGPJ ýolagçylar üçin onlaýn bilet hyzmatyny ýola goýdy. Bu jemgyýetiň resmi saýtynda ýerleşdirilen habara görä, mundan beýläk, 15 gün öňünden otly peteklerini onlaýn satyn almak mümkinçiligi döredildi.

Bu barada “Demirýollary” AGPJ-niň resmi saýtynda  ýerleşdirilen bildirişde şeýle diýilýär:

Hormatly ýolagçylar, 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 16-yndan otly petekleri 15 gün öňünden onlaýn  görnüşde satuwa goýulýandygyny “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti  Size habar berýär.

Ýolagçylar öz akylly telefonlaryna gurnalan “Demirýollary” AGPJ programmasynyň kömegi ýa-da railway.gov.tm internet saýtyna girmek arkaly syýahat etmek isleýän wagtynda, şeýle hem syýahat etmek isleýän ugruna elektron biletleri satyn alyp bilerler. Biletleriň tölegini “Altyn Asyr” töleg kartlary arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulandyr.

Related posts

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen we Daşoguz şäherlerinde saglyk merkezlerini gurar

Eýfel diňi ýene açylar

ABŞ-da ilkinji sanjym

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment