BIZNES

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: täze ylalaşyklara gol çekildi

Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurduň iri işewürleri bilen duşuşdy. Şol duşuşykda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi.

Hususan-da:

  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Koreýanyň halkara söwda assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy bilen “Hyundai Corporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen “Hyundai Corporation” kompaniýasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen “Hyundai Corporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň arasynda Balkan welaýatynda ammiak we karbamid öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek, enjamlary bilen üpjün etmek we gurmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering and Construction” kompaniýasy bilen gizlinlik hakynda Ylalaşyk we özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy