DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň daşary işler ministri Merkezi Aziýaly kärdeşleri bilen duşuşmakçy

Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoşimasa Haýasi özüniň Merkezi Aziýanyň döwletlerindäki kärdeşleri bilen Tokioda duşuşmagy meýilleşdirýär.

Ýapon “Kyodo” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoşimasa Haýasi dekabr aýynyň ikinji ýarymynda Merkezi Aziýa döwletleriniň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşmak mümkinçiligini öwrenýär.

Ol bu duşuşykda Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna degişli meseleleri maslahatlaşmagy maksat edinýär.

Ýapon metbugatynyň habaryna görä, Merkezi Aziýa sebiti tebigy serişdelerine baý ýurtlar bolup durýandygy bellenilýär.
Soňky gezek Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy şu ýylyň aprelinde sanly ulgam arkaly geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk