BILIM

Dekabr aýynda halkara internet olimpiadalary geçiriler

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde dekabr aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly geçirilmegi meýilleşdirilen halkara olimpiadalary barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 5-7-nji dekabr aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de 5-nji dekabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça açyk halkara olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Geçiriljek halkara ders olimpiadalaryna türkmen talyplary bilen birlikde Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Ýaponiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki köp sanly ýurtlaryň ýokayr okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Mälim bolşy ýaly, noýabr aýynda hem talyplaryň arasynda birnäçe halkara ders olimpiadasy geçirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 14-17-nji noýabrda himiýa boýunça Halkara talyplar internet olimpiadasy guraldy we türkmen talyplary üstünlikli çykyş etdi.

 

 

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri