SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Saud Arabystanydan syýahatçylar üçin gowy habar

Saud Arabystanynyň hökümeti bir gezeklik wizalaryň hereket ediş möhletini bir aýdan üç aýa çenli uzaltdy.

“Mundan buýana bir gezeklik 90 günlük wizalary Saud Arabystanyna islendik maksat bilen barýan daşary ýurt syýahatçylary alyp bilerler” diýlip, Ministrler Kabinetiniň Kararynda bellenilýär. Mundan ozal Patyşalykda diňe köp gezeklik ýyllyk wizasy bolanlaryň üç aý galmaga mümkinçiligi bardy.

Mundan başga-da hökümet tranzit wizalary bolanlar üçin galmaga rugsat berilýän möhlet dogrusynda hem düzedişleri girizdi. Täze düzgüne laýyklykda, olar ýurtda hiç hili goşmaça töleg tölemezden 96 sagada çenli galyp bilerler. Tranzit üçin resminamalaryň üç aý güýji bar.

Ýerli häkimiýetler taryhda ilkinji gezek 2019-njy ýylyň sentýabrynda beýleki ýurtlaryň raýatlaryna syýahatçylyk wizalaryny berip başladylar. Ozal daşary ýurtlular patyşalyga diňe iş ýa-da maşgala wizasy, şeýle hem haja barýan zyýaratçylara berilýän rugsatnamalar esasynda girip bilýärdiler.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler