SIZDEN GELENLER

Kitabyň bilimdäki we terbiýedäki orny

Ylym-bilimi bolsa kitaplar arkaly has özleşdirip bilýäris. Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýn gymmatlykdyr. Mysal üçin, häzirki durmuşymyzy alyp göreliň. Dünýä günsaýyn däl-de, demsaýyn özgerip dur. Oýlanyp tapylýan täze enjamlar, serişdeler, mümkinçilikler bir wagtlar apalanyp saklanan ençeme abzallary, gurallary durmuşymyzdan gysyp çykarýar.

Emma tehnologiýanyň ösen döwründe öz ähmiýetini birjikde kemeletmedik gadymy senet bar, uludan-kiçiniň aýratyn mukaddeslik, keramat bilen bakýan bu senedine kitap diýilýär.  Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler.

Kitaplar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz  miras hasaplanylýar.

Kitap okamak çagalarda dürli başarnyklaryň, ukyplaryň ýüze çykmagyna kömek etmek bilen birlikde, olaryň pikirlenişini, ukybyny-da ösdürýär. Şeýle-de kitap okamagyň düşünjäňi baýlaşdyrýandygy, beýniniň işjeňligini artdyrýandygy hemmä bellidir.

Kitap okaýan ýa-da kitap okalyp berlen çagalaryň aň-düşünjesi, beýleki çagalara garanyňda, has baýdyr. Pikirlenmegiň bilim bilen bilelikde kemala gelýändigi sebäpli, çagalar alýan biliminiň derejesine görä pikirlener.

Ada­ty ýag­daý­da ki­tap oka­mak beýniňiziň he­mi­şe iş­jeň bol­ma­gy­na ge­ti­rer, ýat­keş­li­gi­ňi­zi art­dy­rar.
Pi­kir­len­me­gi­ňi­zi kuw­wat­lan­dy­rar. Ki­tap okamak mag­lu­mat­la­ryň ýa-da ha­dy­sa­la­ryň do­wa­my­ny, ne­ti­je­si­ni öňün­den oý­lan­mak, ut­gaş­dyr­mak, sel­jer­mek we pi­kir­len­mek uky­by­ňy­zy ös­dü­rer.  Do­wam­ly ki­tap oka­mak si­ze tä­ze mag­lu­mat­la­ry tapmaga, ha­dy­sa­la­ryň gö­rün­me­ýän ta­rap­la­ry­ny aý­dyň­laşdyrmaga, dur­muş­da duş ge­läý­jek me­se­le­ler­de ugur­ta­py­jy hä­si­ýet­de he­re­ket et­mä­ge gö­nük­di­rer.

Söz baý­ly­gy­ňy­zy we di­le­war­ly­gy­ňy­zy baý­laş­dy­rar. Nä­çe köp ki­tap oka­saňyz, şon­ça-da söz baý­ly­gyňyz artar. Söz baý­ly­gy­ňyz si­ze di­le­war­lyk uky­by­ňy­zy kä­mil­leş­di­rip me­se­lä­ni anyk, ta­kyk, gys­ga, ma­ny­ly be­ýan et­mä­ge, gür­rüň­de­şi­ňi ýa­dat­man gep­le­mä­ge, dü­şün­dir­mä­ge ýar­dam eder.

Kitap okamak diňe bir köp bilmegimize ýada söz baýlygymyzy artdyrmagymyza däl, eýsem, ol saglygymyza hem peýdaly bolup durýar.

Kitap okaýan adam duýguçyl bolup, onuň beýleki ynsanlar bilen ysnyşykly aragatnaşygy hem has berkeýär. Kitaby kän okaýan adamyň okamaýan adamlardan uzak ýaşaýandygyny hem ylym subut etdi.

Ýatylmazyndan öň kitap okalsa, ol ukynyň çalt gelmegine hem-de rahat alynmagyna sebäp bolýar. Diýmek, kitap okamagyň peýdasy kän bolup, hatda ol gaharjaňlykdan hem azat bolmaga ýardam edýär.

Maýa Haýytmyradowa,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün