JEMGYÝET

9 aýda 20 milliardlyk maýa goýum özleşdirildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 9 aýynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda alnyp barlan işler barada hasabatlar diňlenildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti berlen hasabatlary jemläp, ýerine ýetirilýän işleriň dünýädäki kynçylyklara garamazdan, Türkmenistanyň üstünlikli ösýändigini aýdyň görkezýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti jemi içerki önümiň 6,2 göterim artandygyny, daşary söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 40 göterim ýokarlanandygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutany maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň 20 milliard manatdan gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13 göterim artandygyny belläp geçdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramynyň bellenilýändigini belläp, aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.

Related posts

Türkmenistan «Boeing-777-300ER» kysymly uçaryna gowuşdy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan-Özbegistan-Azerbaýjan» üçtaraplaýyn duşuşygy başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Gazagystan serhedine çenli awtomobil ýoluny gurar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment