JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş sapary bilen ugrady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýada birnäçe duşuşyklary, şol sanda bu ýurduň Premýer-ministri, parlamentiniň wekilleri, öňdebaryjy käbir kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýada döwlet derejesinde geçiriljek matam çäresine gatnaşar.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu iş sapary Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň geljekde has-da ösdürilmegine itergi berer.

Ozal hem habar berlişine görä, 27-nji sentýabrda pajygaly ýagdaýda aradan çykan Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sinzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi geçiriler. Oňa dünýäniň köp ýurdundan ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşar.

ABŞ-dan Prezident Baýdeniň orunbasary Kamala Harrisiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň bu matam çäresine gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmen atşynaslary atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Özbegistana gitdiler

Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar