SPORT

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Soňky ýyllaryň tennis sportunyň ägirdi hasaplanýan şweýsariýaly Rojer Federer tennis psorty bilen hoşlaşdy. Ol sport karýerasyny tamamlady. Onuň tennis sportundaky soňky duşuşygyny ýene-de bir sport ýyldyzy ispan Rafael Nadal bilen jübütlikde Leýwer kubogy ugrundaky ýaryşda çykyş etdi.

Soňky duşuşygy ýeňlendigine garamazdan, 40 ýaşyndaky Federer tennisiň şasy hasaplanýar. Ol 20 gezek Uly tuwulga ýaryşlarynda ýeňiji boldy. 6 gezek ATP jemleýji ýaryşynda ýeňiş gazandy. 2014-nji ýylda Dewisiň kubogy ugrundaky ýaryşda Şweýsariýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ýeňiji boldy. 2008-nji ýylyň Olimpiýa çempiony.

Rojer tennis karýerasyna ýekelikde 111 ýaryşda gazanan ýeňişlerini sygdyrmagy başaran sanaýmaly türgenleriň biridir.

1998-nji ýylda tennis sporty boýunça dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp başlan Federer 24 ýylyň dowamynda tennis dünýäsinde yz goýan türgenleriň biridir. 24 ýylyň dowamynda ol 1500 sany duşuşyk geçirdi.

Related posts

Ýewro 2020: 14-nji iýunyň duşuşyklary

Sportuň iň köp ýaýran görnüşiniň baýramçylygy

Ata Watan Eserleri

Döwletjan Ýagşymyradow BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi boldy

Leave a Comment