JEMGYÝET

Prezident Ärdogan: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyza ösdürmäge taýýardyrys

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogandan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Prezident Ärdogan gutlag hatynyň üsti bilen Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady.

Hususan-da bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Türkiýe Respublikasynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurduny gülläp ösýän hem-de sebitde we dünýäde abraýly döwlet hökmünde berkarar etmek boýunça dost-doganlyk Türkmenistanyň alyp barýan gadamlaryny ruhubelentlik bilen kabul edýäris.

Bizi Türkmenistan bilen taryhy we medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Her pudakda Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklarymyzy ösdürmek üçin bilelikde işlemäge taýýardygymyzy ýene bir gezek nygtamagy ýerlikli hasaplaýaryn. Bu bolsa, ikitaraplaýyn we sebit derejelerinde howpsuzlyga, durnuklylyga hem-de abadançylyga goşant goşar.

Ýene-de okaň

Seýşel adalarynyň daşary işler ministriniň Türkmenistana ilkinji sapary

Hytaýyň uniwersiteti türkmen ýaşlary üçin doktorantura kabul edişlik yglan edýär

Aşgabatda Täjigistanda geçiriljek halkara suw forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy: “PSŽ” – “Bawariýa”: 5:4

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi