SIZDEN GELENLER

Türkmenistan we BMG: ählumumy ösüşe gönükdirilen gatnaşyklar

Şu günler Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisi öz işini ýokary derejede alyp barýar. Baş Assambleýa BMG-niň esasy maslahat beriji organydyr. Onuň düzümine gurama agza döwletleriň ählisiniň wekili girýär.

Şeýle ýokary derejedäki guramanyň wise-başlyklygyny Türkmenistan döwletimiz alyp barýar. Bilşimiz ýaly, iýun aýynda Türkmenistan döwletimize Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 7-nji iýunda Türkmenistan 7-nji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy. Ozal Türkmenistan döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji we 75-nji mejlislerine wise-başlyklyga saýlanypdy.

Dünýäniň syýasy durmuşyndaky bu iri waka Türkmenistanyň Milletler Bileleşigine agza bolmagynyň şanly 30 ýyllygyna gabat gelmegi, ýurdumyzyň Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda indi 7-nji gezek wise-başlyklyk edýändigi aýratyn mana eýedir.

Türkmenistanyň 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly ygtyýarly agzasy bolan ilkinji gününden başlap, bu iri halkara guramanyň çäklerinde netijeli, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz — eziz Türkmenistandyr! Eziz Diýarymyz hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýäniň ähli ýurtlary bilen parahatçylykly we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, özara peýdaly hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýar.

Ýurdumyzda 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we üstümizdäki ýylda bu merkeziň döredilmeginiň 15 ýyllygynyň bellenilýändigi bellemek gerek. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, Türkmenistan BMG-niň öňünde durýan meseleler boýunça sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Parahatçylygy we asudalygy berkitmekde, Merkezi Aziýa sebitinde syýasy durnuklylygy gazanmakda Türkmenistanyň bitiren hem bitirip biljek hyzmatlary göz öňünde tutulyp, 2007-nji ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi öz işine başlapdy.

Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamy boýunça halkara çäreleriň birnäçesi geçirildi. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty guraldy. Gazanylan tejribelere esaslanyp, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçirmek baradaky başlangyç öňe sürüldi. Bu maslahat Hazaryň kenarynda üstünlikli geçirildi.

Umuman, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ata Watanymyzda dabaralanýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly pelsepe täze taryhy döwrümizde hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamagyň möhüm guraly bolup durýar.

Dawut Baýramow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi