DÜNÝÄ

Ýelizaweta II soňky ýoluna ugratmak dabarasy 19-njy sentýabrda geçiriler

Şa zenany Ýelizaweta II soňky ýoluna ugratmak dabarasy 19-njy sentýabrda geçiriler. Bu barada Bukingem köşgüniň ýaýradan beýanatynda bellenilip geçilýär.

– Onuň Alyjenabynyň döwlet derejesindäki soňky ýoluna ugratmak dabarasy Westminstr ybadathanasynda geçiriler – diýlip bellenilýär.

Ýelizaweta II tabyty topraga goýulmazdan ozal 4 gün Beýik Britaniýanyň parlamentiniň girelgesinde goýlar. Şol ýerde ýurduň raýatlary onuň bilen hoşlamaga gelerler.

Häzirki wagtda Ýelizaweta II tabyty Şotlandiýadaky Balmoral köşgünde saklanýar. Şa zenany şol ýerde aradan çykypdy.

Häzirki wagtda Beýik Britaniýa we oňa degişli 15 ýurtda 9-njy sentýabrdan-19-njy sentýabra çenli ýas güni yglan edildi.

Related posts

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenbaşy deňiz portuny aýlanyp gördi

Daşary ýurt döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdiler

Türkmenistanyň bilim ministri TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy