JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Täjigistan Respublikasy döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Täjigistan bilen hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga, sylag-hormata we birek-birege goldaw bermäge pugta esaslanýan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini belläp, türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalar netijesinde dostlukly halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Täjigistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Related posts

Hazaryň kenarynda nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasy açyldy

Ata Watan Eserleri

Döwlet gümrük gullugynda elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar

Donald Trump’dan mektup var

vepa