Russiýa Federasiýasy nebitiň, tebigy gazyň hem-de kömrüň ekpsortundan rekord derejede girdeji gazandy. Soňky 6 aýda energiýa çeşmeleriniň bahalarynyň artmagy Russiýanyň girdejisiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berdi. Hasabat döwründe, şeýle seredilende, Russiýanyň energiýa serişdeleriniň eksport möçberi azalypdy.
Energetika we arassa howa gözleg merkeziniň derňewine görä, Russiýanyň Ýewropa Bileleşigine gazylyp alynýan ýangyç eksporty 35 göterimden 18 göterime çenli azaldy.
Russiýanyň bu döwürde iň uly eksporty Hindistan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Müsür we Türkiýe ýaly ýurtlara amala aşyrdy.
Gazylyp alynýan ýangyç eksportyndan alnan girdejiler Russiýanyň federal býužetine takmynan 43 milliard ýewro goşant goşdy.
Gazylyp alynýan ýangyçlaryň arasynda iň ýokary girdeji takmynan 76 milliard ýewro bilen çig nebit eksportyndan alnan bolsa, Russiýanyň tebigy gaz eksporty 35 milliard ýewro, nebit önümleriniň eksporty 26 milliard ýewro, kömür eksporty 13 milliard ýewro we suwuklandyrylan tebigy gaz eksporty 9 milliard ýewro deň boldy.
