Bilşiniz ýaly, sonky wagtda size her 2-3 günden bir Stambul ugurly uçar gatnawlary baradaky habarlary ýetirip gelýäris. Kätesinde bir günde 2 gatnaw ýagny “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň we “Türk howaýollary” awiakompaniýasynyň uçar gatnawlaryny amala aşyrýandygy baradaky maglumatlary dykgatyňyza ýetirýän wagtymyz boldy.
Aslynda soňky birnäçe aýyň dowamynda ýörite uçar gatnawy yzygiderli artyp gelýän bolsa, esasan hem türkmen ýaş oglan gyzlarynyň daşary ýurtlardaky okuw mekdeplerine gidýän möwsüminde, ýagny awgust aýynda has-da artdy.
Ine, şu gün hem alnan maglumatlara görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Türkiýä ugurly ýörite gatnawy amala aşyryldy. Öňümizdäki günlerde hem birnäçe ýörite uçar gatnawynyň bardygyny ýatlatmak isleyäris.
Önümizdaki aýda bolsa “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň we “Türk howaýollary” awiakompaniýasynyň ýörite uçar gatnawynyň has artmagyna garaşylyar.