BIZNES

Türkmenistanda dürli görnüşli peýdaly gaty magdanlaryň 200-den gowragy bar

Türkmenistanda dürli görnüşli peýdaly gaty magdanlaryň 200-den gowragy hasaba alyndy. Şonuň aglaba böleginiň ätiýaçlyk gory Balkan welaýatynyň çäginde ýüze çykaryldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetindäki habarda bellenilip geçilýär.

Aýratyn hem welaýatyň çäginde uglewodorod çig malynyň, mineral duzlaryň, gidromineral serişdeleriň, stronsiý magdanlarynyň, ýerasty läbik dag jynslarynyň, gaty kömürleriň, himiki jisimleriň we gurluşyk materiallarynyň birnäçe görnüşli uly gorlary jemlenendir.

Häzirki wagtda çig mal gorlaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň hasabyna ozal senagat akymlaryna akdyrylýan ýodly, bromly suwlaryň düzümindäki peýdaly komponentleri doly derejede peýdalanmagyň, dürli pudaklarda ulanylýan gaolid organiki önümleri öndürmegiň üstünde-de işlenilýär.

Mundan başga-da günbatar sebitde Guwlymaýak ýatagynyň çökündi kölündäki nahar duzuny giňden işlemek, Bekdaşyň hek daşlarynyň binýadynda kalsinirlenen sodany öndürmek meselesi içgin öwrenilýär.

Umuman, ykdysady dilde aýdanyňda, sebitiň eksporta niýetlenen köp sanly senagat desgalaryny tehniki taýdan esaslandyrmagyň, oýlanyşykly taslamalaşdyrmagyň, netijeli özleşdirmegiň netijesinde Türkmenistana dünýä bazaryna çykmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. 

Ýene-de okaň

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder