TEHNOLOGIÝA

Gül bermäge ukyply täze robot görkezildi

Dünýä bazarynda “Redmi” smartfonlary we beýleki elektron enjamlary bilen mşhurlyk gazanan Hytaýyň ” Xiaomi” kompaniýasy täze “CyberOne” gumanoid roboty işläp taýýarlady. Bu robot kompaniýa tarapyndan geçen ýyl işlenip düzülen “CyberDog” robotynyň has kämilleşdirilen görnüşi bolup durýar.

Häzirki wagtda Hytaýyň kompaniýasynyň işläp düzen robotynyň funksiýalary çäklidir. Ýöne ol eýýäm adamyň 45 sany emosiýalaryny bilip bilýär, şeýle hem gül gowşurmaga hem-de selfi surat çekilende keşbä girmäge ukyplydyr.

Robotyň boýy 177 santimetr, agramy bolsa 52 kilogramdyr. Ol özbaşdak sagatda belli bir tizlik bilen 3 kilometrden gowrak menzil aşyp bilýär. Şeýle hem ol öýüň içinde hem hereket etmäge ukyply bolup, berilýän buýruklar esasynda dürli predmetleri getirip bilýär.

Kompaniýa bu robotyň yzygiderli öndürilip-öndürilmejekdigi barada habar bermedi. Ýöne işläp düzüjileriň habar bermegine görä, bu robot tehnologiýasy kompaniýanyň dürli önümçiliklerinde we harytlarynda peýdalanyp bilner.

Ýene-de okaň

“Google” we Çili Awstraliýa çenli optiki süýümli kabel çeker

Hytaýyň awiakompaniýalary “Airbusdan” 500 uçar satyn alar

Russiýanyň uçarlarynda internet 2027-nji ýylda peýda bolar

“Microsoft” Şweýsariýada bulut we emeli intellekt üçin maýa goýýar

“Türkmentelekom” köpçülikleýin ýerlerde, howa menzillerinde we şypahanalarda Wi-Fi mümkinçiligini hödürleýär

Dünýäniň ilkinji emeli aň tehnologiýaly şäheri gurlar