Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbun Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag hatyny iberdi. Bu gutlag hatynda Alžiriň Prezidenti dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti bilen bilelikde işleşmäge taýýardygyny belläp geçdi.
Gutlag hatynda şeýle diýilýär:
– Alžiriň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlaglarymy iberýärin.
Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin. Gudraty Güýçli Allatagaladan rysgal hem-de bereket eçilmegini dileýärin.
Pursatdan peýdalanyp, doganlyk halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn dostluk gatnaşyklaryny we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça Siziň bilen bilelikde işleşmäge taýýardygymy bellemek isleýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, gadyrly doganym, Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Türkmenistan-Wýetnam: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy
