ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Nazar Gullaýew: Teşnewiniň köptaraply zehini

Mahal-mahal beýik şahsyýetleriň döredijiligi hakynda oýlanýan. Haçan, kimden, nähili öwrenmeli diýen pikir kalbyma gozgalaň salýa. Belki, şonuň üçindir, olar köplenç düýşüme girýä. Gurban baýramynyň öň  ýanlarydy. Gijäniň bir wagty birden oýandym. Sagat dörtden işläp dur eken. Hiç ukym tutmady. Şahyr hökmünde gadymy nusgawy şahyrlarymyz ýaly, özüne

«Köp öwrenip, köp bilmäge Teşne men,

Goý, dostlar, adymam bolsun Teşnewi» diýip, Teşnewi lakamyny goşgusy bilen beýan eden edebiýatçy-alym Nazar Gullaýew gaýta-gaýta ýadyma düşdi. Ýogsa onuň bilen ýüzbe-ýüz gürrüňdeş bolan wagtymam ýok, diňe köptaraply zehinli şahsyýetdigini bilýän. Hut şu pursat ýatlap durkam hem onuň

Magtymguly atamyzyň:

«Gül ýüzüňe perwana men, gaýry reýhan istemen» diýip başlanýan  «Istemen» atly goşgusyna döreden ajaýyp aýdymy, meşhur bagşy Döwletgeldi Ökdirowyň hoş owazy bilen gulagymda ýaňlanyp dur. Onuň sazyny-sözlerini özi döreden aýdyşyk aýdymy ýadyma düşýär. Baryp-ha, mekdep okuwçysy döwrümizde

«Eý, gözel oglan,

Bäriňe dolan,

Bakaýyn saňa» diýip, ýörgünli aýdylýan aýdymdy. «Toý aýdymy», «Çopanyň toýy», «Türkmeniň», «Gyz ýüregi», «Pyragy», «Oýan indi, Mollanepes» we başga-da, şunuň ýaly kalba siňen aýdymlaryň bolsa, Nazar Gullaýew kyrkdan gowragyny döretdi. Şonça aýdymlaryň diňe bir sazyny däl-de sözlerini-de özi döredipdi.

Köplenç «Miras» radioýaýlymyny diňleýän. Arada zehinli artist Batyr Çaryýew Nazar Gullaýewiň Türkmenistanyň halk hudožnigi (suratkeşi) Bäşim Nuralyýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlap döreden goşgusyny okady. Diýseň çeperçilik bilen döredilen goşgy. Bu goşgusy awtoryň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2019-njy ýylda neşir edilen «Ömrüň dowamy» atly kitabyna hem girizilipdir.

BÄŞIM NURALY

Hupbatly durmuşa goýupdy gadam,

Aýak bitip, ýaňy ýöräp ugraly —

Bäşim Nuraly.

Jebir-jepalara edipdi çydam,

Ýigit çykyp, başyn çarap ugraly —

Bäşim Nuraly — diýip, başlanýan bu goşgyny okanyňda suratkeşiň ykbaly bilen tanşyp bolýar. Goşgynyň ahyrky bentleri şeýle jemlenýär.

Döredip köp surat, goşgy, dessany,

Taryplady gözel Türkmenistany,

Haýran edip ençe ezber ussany,

Gyjak-ditarlary saýrap ugraly —

Bäşim Nuraly.

Baý zehini sygmazdy bir galypa,

Kän zat öwrederdi şägirt-talyba,

Şeýde-şeýde özem boldy halypa,

Sungaty il-halka ýarap ugraly —

Bäşim Nuraly.

Ile çykdy, ýöne öýde ýatmady,

Iş bilendi, peýwagtyna gitmedi,

Ah, soňkuda Aşgabada ýetmedi,

Altmyş bäşde Daşoguzdan ugraly —

Bäşim Nuraly.

Bu goşgyny hezil edip okaýan. Onuň çuň manyly şeýle goşgulary bolsa, sanardan kän. Olar dürli ýyllarda «Ýag, ýaganak», «Il-gün saňa döneýin», «Gözelligiň aşygy», «Ömür hakda oýlanma» at bilen kitap bolup çapdan çykdy. Nazar aganyň çagalar üçinem, ulular üçinem goşgular ýygyndysy bar. Sebäbi ol ussat şahyr. Şahsy arhiwimde professor Mäti Kösäýewiň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ýatlama duşuşygyň wideo ýazgysyny saklaýan. Şu wagt şol duşuşykda Nazar Gullaýewiň halypasy barada täsirli çykyşy, şeýle hem onuň dutar çalyp oturan pursady hakydama geldi. Pirli senedimiz bolan dutara ezberlik bilen erk edip saz çalyp oturyşy özüň sazanda bolmasaňam onuň saz çalmakdan hem ussatlyk bilen baş çykarýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Şunuň ýaly maglumatlar esasynda  Nazar aganyň döredijiligi barada azda-kände bilýän, ýöne has içgin subytly zat bilemokdym. Onsoň onuň kärdeşleri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň halypa mugallymlary Şähribossan Geldimämmedowa bilen Ogulgerek Şageldiýewadan Nazar aganyň maşgala ojagynyň salgysyny hem-de uly gyzy Mähri Gullaýewanyň el telefon belgisini aldym. Deňli-derejeli, terbiýeli maşgalada önüp-ösen adamyň gepi-sözi başgaça bolaýýar. Mähekdaş ýaly, ýerlikli zenan eken. Ol kakasynyň şahsy arhiwiniň kiçi uýasy Gözeliň öýünde saklanýandygyny aýdyp: «Şol ýerde jemlenişäýeliň!» diýdi. Ol öýe baranymda ilki bilen Nazar Gullaýewiň şahsy arhiwiniň diýseň aýawly saklanýandygy meni juda begendirdi. Otaglary giň, ak mermer jaýyň diwaryny tutup duran döwrebap tekjelerde onuň rejelenip goýlan elýazmalarydyr kitaplary, foto suratlary, dürli ýyllarda gatnaşan halkara simpoziumlarda berlen diplomlary, öz çalan dutardyr gyjak saz guraly mähir-söýgi bilen uly dereje bagyşlanyp ýerleşdirilipdir. Diwarda Nazar Gullaýewiň hemem onuň kakasy Gulla Taganyň uly ölçegde çekilen portret suraty asylgy dur eken. Ol suratlaryň ikisinem Nazar aganyň erkek doganynyň ogly suratkeş Kakabaý Gullaýew çekipdir. Nazar aganyň suratyna gözüm düşenden onuň mähirden ýasalan ýaly nurana keşbi göz öňümde janlandy. Ol agam Aşyrberdi Kürt bilen gowy gatnaşykda bolupdy. Ýatan ýerleri ýagty, jaýlary jennet bolsun! Agam dünýeden gaýdanda, Nazar aga alym Aşyrpur Meredow bilen agamyň hemme belli günlerine gatnaşypdy. Ikisem özboluşly geýnüwli, syratly, görmegeý, dogum donly ýöräp gelişleri üýtgeşik adamlardy. Belent adamkärçiligi, juda sowatlylygy daş keşplerine kybap, gözi kaklyşanyň bada-bat ünsüni egläp, «Daglaryň arslany-şiri ýaly» diýdirýärdi. Agam pahyr bularyň ikisiniňem ylahy zehinine, öte sowatlylygyna, adamkärçiligine uly sarpa goýýardy. Bir-birleriniň begenjini, gynanjyny paýlaşyp dogan ýalydylar. Ynha, oňa bir mysal. Nazar aganyň şahsy arhiwindäki kitaplarynyň arasyndan onuň 1972-nji ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda çap bolan «Nesimi» atly kitabyny gözden geçirip otyrdym. Şu ýerde öňürti bu kitap hakynda azajyk durup geçeýin. Awtoryň Seýit Ymadeddin Nesiminiň türkmeniň beýik şahyrydygyny subut edip, daşary ýurt alymlary bilen jedele girendigi, şol zamanda beýle hereketiň örän uly batyrgaýlyk bolandygyny aýratyn nygtalmagy ýöne ýerden däl. Sebäbi onuň ýeňil-ýelpaý iş däldigi hemmä-de düşnüklidir. XIV — XV asyr  türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Halap (Aleppo) şäherinde dabanyndan depesine çenli diriligine derisi soýlup, iň aýylganç jeza bilen öldürilen, Nesimi öz eserlerini arap, pars, hem türkmen dillerinde ýazypdyr. Nazar Gullaýew orta asyrlarda ýaşap geçen bu uly şahyryň diňe türkmençe ýazan goşgulary girizilen kitabyny onuň doglan gününiň 600 ýyllygyna gabatlap çapa taýýarlap, neşir etdiripdir. Kitabyň arasyndan bir bölek kagyz çykdy. Onda şeýle ýazgy bar.

NESIMI!

Sen ýagşylaryň nepesi düşen türkmen iliniň, ýazuwly taryhyň bütin dowamynda dost-u-duşmanyň ýanynda gypynç etmän, başyny dik tutup ýaşan, taryhyny gan bilen ýazan halkyň oglusyň. Sen emmäbäbek goýman gyrmaly diýip, leşger tartyp gelen şalaryň öňünde mert durup, ýow gaýtarmany başaran halkyň oglusyň. Ady äleme ýaýran Beýik Ynsanyň adyny göterýändigiňi, ylym dünýäsinde özi ýalylardan mazaly öňe saýlanýan herbap alymyň ogludygyňy unutmaweri.Ýagşy niýet bilen Aşyrberdi Kürtden. 12.9.87. Goly.

Bu ýazgy agamyň Nazar Gullaýewiň körpe ogly Nesimi doglanda ýazan gutlagy bolmaly.

Nazar aganyň kitaplaryny gezekli-gezegine gysgaça gözden geçirdim. Onuň 1986-njy ýylda «Magaryf» neşirýatynda çapdan çykan «Leýli hem Mejnun hakda söhbet» atly kitabynyň 4-nji sahypasynda; «…Gepiň gysgasy, «Leýli-Mejnun» temasy müň ýyla golaý wagtyň dowamynda dürli milletlerden bolan ýüzlerçe şahyryň ünsüni çekenligi, okyjylarynyň känligi taýdan diňe bir Gündogar edebiýatynda däl, hat-da Bütindünýä edebiýatynda-da iň meşhur temadyr. Onuň hronologik kökleri örän çuň, geografik ýaýrawy bolsa diýseň giň. Muňa 1300 ýyla golaý öň ýüze çykyp ugran bu sýužetiň esasynda Nyzamy Genjewiden (1141-1209) soňky 800 ýylyň dowamynda 16 dilde (azerbaýjan, arap, bengal, gürji, kaşmir, kürt, owgan (puşdu), özbek, pars, penjap, türk, türkmen, täjik, uýgur, urdu, ermeni) 7-8 halk dessanynyň, 10-a ýakyn sahna (opera, balet, sazly drama) eseriniň, 5 sany kinofilmiň, aýry-aýry şahyr tarapyndan ýazylan 127 töweregi poema-dessanyň döredilendigi, olara gönüleýin ýa gyýalaýyn degişli bolan müň töweregi ownukly-irili gazet-žurnal, ensiklopedik makalalaryň, dürli neşirlere ýazylan sözbaşylardyr sözsoňularyň, ylmy monografiýalardyr okuw kitaplarynyň bolmagy aýdyň şaýatlyk edip biler» diýen ýazgy bar. Kitabyň şu sahypasynda awtor bölek kagyza «17 dilde, buluç dilinde-de diýip artdyrmaly» diýen elýazmasyny berkidip goýupdyr. Munuň özi onuň her bir ýazýan eserini hemişe täze maglumatlar bilen baýlaşdyryp durýandygyndan habar berýär. Onuň ýene-de 1986-njy ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda çap bolan «Gadymdan galan nusgalar» atly kitabynyň sözbaşysy bilen tanyşdym. «Gadymdan galan nusgalar». Olar neneňsi nusgalarka?Olary döredenler kimlerkä,nä wagtlaryň adamlaryka, nirede ýaşadylarka? Ýeňil bolmadyk şeýle sowallara A.M. Gorkiý adyndaky (häzirki Magtymguly adyndaky) Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Nazar Gullaýewiň bu kitabyny okan her bir adam kanagatlanarly jogap tapyp biler —  diýlip, kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenilýär. Kitabyň sözbaşysynda awtoryň  kärdeşi Gurbandurdy Geldiýew:

«Edebiýatçy-alym, şahyr, dramaturg, mukamçy kompozitor, terjimeçi, mugallym, sazanda, arap-pars dillerinden baş çykarýan Nazar Gullaýew şeýle «çinleri» jepakeşlik bilen gazanyp bilen hem «egninde» mynasyp göterip bilen adam» diýip diýseň ýerine düşen göwnelaýyk baha beripdir. Şeýle hem onuň her bir ugurdan bitiren işleri hakynda gysgajyk durup geçýär. Hakykatdan-da Nazar Gullaýewiň ähli gazanan üstünligi onuň irginsiz zähmeti, kärdeşiniň aýdyşy ýaly jepakeşligi bilen gazanandygyny subut edýär.

Dramaturgyň «Gurrumsagyň soňy», «Işimden geçsemmikäm, dişimden», «Ala sygryň söwdasy», «Köp guwduran, bir büdrär» ýaly bir aktly pýesalary dürli wagtlarda,  ýurdumyzyň dürli künjeklerinde halk teatrlary, çeper höwesjeňler tarapyndan ýerine ýetirilip tomaşaçylara görkezilipdir. Olar barada Nazar aganyň şahsy arhiwinde saklanýan afişalar aýdyň subutnama. Şeýle-de ol«Çalşan gelinler», «Tiken», pýesalarynyň, «Nusaý» («Parfiýa legendasy») atly balet librettosynyň, «Nesimi» tragediýasynyň awtory eken.Ynha, onuň 1979-njy ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda çap bolan «Doganlyk edebiýatlar hakda söhbet» atly ýene bir kitabynyň gatynda halypa ýazyjy Atajan Taganyň ýazan haty gabat geldi.

NAZAR!

Men ýakynda Gurbansähedowdan hat aldym. Ol «Gowşut hanyň» köne wariantyny okap, öz pikirini (iki sahypa) ýazypdyr. Romanyň maslahata goýulmagynyň ýene bir synanyşygyny etmekçi. Şonuň üçinem, saňa, täze hem gutarnykly diýip hasap edýän wariantymy ýollamagy ýüregime düwdüm. Şol bir mahalyň özünde hem, seniňem wagt ýagdaýyň çäklidigi hakda oýlanyp, mahaly däl bolsa azar bermezlik niýeti bilen şu haty ýazýaryn.

Senden jogaba garaşýaryn. Eger häzir okamaga eliň degse (seniň okamagyňy bolsa men halys ýürekden isleýän), şol hakda hat ýazarsyň. Hatyň gelen badyna bolsa romany öý adresiňe ýollaryn. Gaty bir uly hem däl.Iki gijede, her agşam üç sagatdan wagt harçlasaň okap çykarsyň. Özüm hem fewralyň 15-lerine barmakçy.

Jan saglyk, döredijilik üstünliklerini arzuw etmek bilen dostuň (goly) ATAJAN TAGAN. I.II.67.

Şu hatdan hem görşümiz ýaly uly-uly işler bitirmek üçin gije-gündiz irginsiz işlenilýändigi, esasan-da öz zähmetiňe bolan çäksiz söýgiň hem-de şeýle işleri bitirmek üçin wagtyň gymmatyna gadyr goýulyp ýetilýändigine göz ýetirip bolýar. Soňra Nazar Gullaýewiň terjimehaly bilen tanyşdyk. Ol 1936-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 2-nji Suhty obasynda (häzirki «Watan» daýhan birleşigi) daýhan maşgalasynda doglan. 1946-njy ýylda obanyň doly däl orta mekdebinde, soňra Mary şäherinde ýerleşýän 6-njy orta mekdebinde okuwyny dowam edip şol mekdebi üstünlikli tamamlaýar. 1955-1960-njy ýyllarda Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh – filologiýa fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty bölüminde, 1963-1966-njy ýyllarda aspiranturada okaýar. Nazar Gullaýew professor Mäti Kösäýewiň ýolbaşçylygynda «Magtymguly we Gündogar edebiýaty» diýen mowzukda diplom işini üstünlikli gorap, uniwersiteti tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar hem-de uniwersitetiň türkmen edebiýaty kafedrasynda mugallym edilip işe alynýar. Ol aspiranturada okaýan döwründe professor M. Kösäýewiň ýolbaşçylygynda «Leýli-Mejnun» temasynyň döreýşi hem ýaýraýyş taryhyndan» diýen at bilen dissertasion işiniň üstünde-de işläp başlaýar. Ylmy işini 1967-nji ýylda ýazyp tamamlaýar. 1968-nji ýylyň martynda ýazan ylmy işini goraýar hem-de filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine eýe bolýar. Alym, ýazyjy N. Gullaýew 1969-njy ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň uly mugallymlygyna, 1982-nji ýylda bolsa, dosentligine saýlanylýar. 1991-nji ýylda Alyşir Nowaýynyň 550 ýyllygy mynasybetli Daşkent şäherinde geçirilen halkara maslahatyna, Türkiýe döwletiniň paýtagty Ankara şäherinde geçirilen Halkara simpoziumyna gatnaşýar we ol ýerde ol ýörite baýrak — türk saz guraly bilen sylaglanýar.Ýaş hünärmenleri taýýarlamakda bitiren hyzmatlary üçin «Halk magaryfynyň otliçnigi» diýen ada eýe bolýar we birnäçe gezek «Hormat haty» bilen sylaglanýar. Ol 1991-nji ýylda TSSR-iň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp boldy. 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň Ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly adyň eýesi boldy. 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» we 1999-njy ýylda «Gaýrat» medallary bilen sylaglandy. 1997-nji ýylda N. Gullaýew «professorlyk» derejesini alýar. 2010-njy ýylyň oktýabr aýynyň 1-ne hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda açylan «Ylham» seýilgähinde dürli döwürlerde türkmen medeniýetini dünýä ýaýan 46 şahsyýetiň arasynda Nazar Gullaýewiň hem heýkeli oturdyldy. Şeýle hem onuň ady ebedileşdirilip paýtagtymyzyň köçeleriniň birine dakyldy.Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi alym ýazyjyny ýatlap, onuň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap bibliografiýa görkezijisini düzdi. Bu görkeziji «Nazar Gullaýewiň döwlet tarapyndan alan sylaglary», «Şygryýeti», «Kyssa eserleri», «Makalalar, ýol ýazgylary, oçerkler», «Nota neşirleri», «Terjime eden eserleri», «Alym, ýazyjy Nazar Gullaýew hakynda» diýen bölümlerden ybarat. Nazar aganyň arhiw suratlarynyň özüni öwrenmek üçin hem aýratyn wagt gerek. Olaryň her haýsy durşy bilen maglumat. Aýry-aýrylykda kagyz bukjalara ýerleşdirilen suratlaryň arka tarapynda her suratyň nirede, haçan, kimiň surata düşürendigi atlary bilen doly ýazylgy. Her bukjanyň daşynda bolsa näçe surat bardygy bellik edilen. Dürli ýyllarda sahnalaşdyrylan eserlerinden pursatlaryň suratlarynda kimleriň haýsy keşplerde oýnandygyny ýatdan çykmaz ýaly ýazylyp goýlupdyr. Nazar aga olary ýaltanman şeýdip tertipläpdir. Onuň arhiwinde heniz metbugatda çap edilmedik, kitap bolup çykmadyk ýene-de onlarça goşgulary we birnäçe eserleri bar eken. «Mälikşa» iki bölümli, dört perdeli, on iki görnüşli taryhy tomaşa. (Sahnawy dessan) eseri kitap bolup çap edilipdir. «Görogly» çeper filmiň ssenarisiniň elýazmasy hem-de hat ýazylýan enjamda ýazylan görnüşi, Nazar aganyň öz eli bilen nota geçiren aýdym ýazgylary-da bar eken. Gyzyklanyp sorasam gyzy Mähri: «Kakam konserwatoriýada-da talyplary sazyň taryhyndan okadýardy. Şonuň üçin ol nota ýazuwyndan hem baş çykarýardy» diýdi. Arhiw suratlaryň arasynda Nazar aganyň çagalarynyň ýaş wagtlary bile düşen suraty bar eken. Mähri ol suraty eline alyp: «Häzirki wagtda kakamyň üç ogul, iki gyz perzendi, on iki sany agtygy bar. Ejem pahyr 1984-nji ýylda 45 ýaşynda ýogaldy. Şol wagt men ýedinji synpda okaýardym. Uly agam Zaman harby gullukdady. (Ol doglanda  adyny «Zaman» diýip şahyr Kerim Gurbannepesow dakypdyr.) Gözel on ýaşyndady, kakamyň gujagyndaky jigim Orazmuhammet iki ýaşyna-da ýetmedikdi. Şol wagtlar düşülen surat bu. Ejeligimizden doglan körpe jigimiziň ady Nesimi. Biz bäş dogan» diýip gürrüňini dowam etdi. «Ejem pahyr urşuň yzynda galanyň ýeke perzendi. Özem saçlary topugyna düşüp duran owadan gyz eken. Kakam ony ýekeje gezek görende aşyk bolupdyr. Hossarlaryny ejem üçin telim gezek sawçylyga ugradyp ahyry durmuş gurupdyr. Kakamyň ejeme bagyşlap döreden «Ahal gözeli» atly goşgusy «Ömrüň dowamy» kitabynda bardyr. Toýdan soň ejem Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetine okuwa girýär. Okuwyny tamamlandan soň  çagalar bagynda müdir, guramaçy bolup işleýär. Öýümiz hemişe myhmanlydy. Sungatyň ähli ugurlaryndan wekiller öýümize gelerdi. Ejemiň ýörite myhman düşek saklanýan ýük galdyrylýan şkafy bardy. Kiçiligimizden kakamyň ýanyna gelýän dost-ýarlaryna ylgap çaý-suw bererdik. Ejem ýogalandan soň kakam jan ejemiň ýoklugyny bildirmejek bolup kän yhlas etdi. Her gün agşam teleýaýlymda berilýän täzelikleri görmek üçin maşgalamyz bolup, hökman saçak başynda jemlenýärdik. Agşamlyk nahar edinip bolamyzsoň, ýatmazymyzyň öň ýanynda kakam: «Çagalar, geliň indi bir salym dynç alalyň! Size saz çalyp bereýin» diýip, ählimizi daşyna jemläp dutarda saz çalardy. Kakamyň çalýan sazlarynyň owazy ejem janyň adyny tutup «Jahansoltan jan, mähribanym» diýip, owaz edýän ýalydy. Kakam: «Çagalar, dutar çalmagy öwreniň, dutar gamly günüň gussaňy egisýär, şatlanaňda kalbyňa ganat berýär» diýip, ählimize dutar çalmagy öwretdi. Ýöne yzygider saz çalyp oturmasaň eliň kütelýär eken. Kakam öz çalan dutardyr gyjagynyň hersinden birini maňa, halypasy Han Akynyň sowgat beren dutaryny, gyjagyny bolsa jigim Gözele ýadygärlik beripdi. Bu saz senetleri ikimizem öýümizde gymmatly miras hökmünde saklaýas. Ol saz gurallary elimize alsak kakam bilen bagly ýatlamalaryň dünýäsine dolanýas. Hemişe saz diňläp ulalamyzsoňmy, her gün işde günortan arakesmede radiodan saz diňlenýär welin, birden-birden ýüregim gozgalaň tapyp gözlerime ýaş geliberýär. Göwnüm mähribanlarymy küýsegläp, bir nokada dikilen gözlerim ejem-kakamyň nurana keşbini gözläp başlaýar. Öz-özüm içim gysyp daş çykýan. Tebigatyň ajaýyp gözelliklerini synlap köşeşýän» diýip ýaňaklaryndan syrygýan gözýaşlaryny süpürişdirdi. Onuň tolgunma bilen aýdýan täsirli gürrüňiniň yzyny Gözel dowam etdi. Ol: «Kakam jan nähili agyr ýagdaýda bolsa-da, hiç birimize syr bildirmejek bolup uzak düşekde ýatmady. 2005-nji ýylyň 27-nji noýabrynda-da dünýeden gaýtdy» diýip gözlerini ýaşlap oturşyna birdenem ýylgyryp: «Kakam haçan görseň işläp oturardy. Howlymyzda her dürli güller ekerdi, bag-bakjaly mellekde ýer depende dagy baglaryň düýbündäki topragy elleri bilen owradaýardy.Gijäň ýary oýansagam kakam gözi äýnekli ýa kitap okap oturandyr ýa-da bir zatlar ýazyp oturandyr. Kaka haçan dynç alýaň? —  diýip soraýardyk. Kakamyň «Ylham» seýilgähinde oturdylan heýkelini Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew ýasady. Şol heýkeliň kiçi ölçegde ýasalanyny Saragt aga öýümize ýadygärlik berdi. Her gezek heýkeli synlanymyzda kakamyň çalaja ýylgyrýan ýaly nurana ýüzi bilen uzaklara nazar aýlap duran duýguly gözleri onuň gözümizde galan hakyky keşbi bolup, aramyzda ýaşap ýören ýaly bolýas» diýip buýsanjyny beýan etdi. Gözel ýakynda operasiýa bolan eken. Ony tolgundyrmajak bolup: «Ýarawsyzrak wagtyňyz bimaza edäýdik, bagyşlarsyňyz-da» diýip, ötünç sorasam ol: «Kakam jan üçin, janymy bermäge taýyn, biynjalyk bolmaň, arkaýyn nähili sorag ýüze çyksa soraberiň» diýdi. Mähriniňem, Gözeliňem aýdan gürrüňleri diýseň täsir etdi. Öýüme gelemsoňam telim günläp täsirinden çykyp bilmedim. Okamak üçin olaryň öýlerinden alyp gaýdan kitaplarymy, Nazar aga hakynda ýazylan gazet-žurnallardaky makalalary okap çykdym.

Nazar aga özüniň köptaraply döredijilik işine mekdep ýyllarynda başlapdyr . Onuň ilkinji goşgularydyr habarlary şol wagtky «Murgap» etrap gazetinde soňa-baka «Lenin baýdagy» welaýat gazetinde çap edilip başlanýar. Goşgulary 1954-nji ýyldan  başlap «Ýaş kommunist» gazeti, «Pioner» žurnaly  neşirlerinde peýda bolup ugraýar. Onuň aýdym-saz hem teatr sungatyna bolan höwesi-de ýaşlykdan başlanýar. Ol orta mekdepde okaýan döwri bir hem köp aktly pýesalary ýazmaga synanyşýar. Olaryň käbiri höwesjeň artistler tarapyndan sahnalaşdyrylýar. Uly synpda okaýan döwürlerinde mekdebiň hor toparyna-da ýolbaşçylyk edýär. Okaýan döwründe medeni köpçülik çärelerine işjeň gatnaşýar. Onuň goşgulary köp tiražly «Türkmen uniwersiteti» gazetinde we beýleki merkezi gazet-žurnallarda ýygy-ýygydan çap edilip başlanýar.

Alym Mahmyt Pälwan baradaky «Arzylynyň arzysy bolmalydyr», «Nyzamy, Nesimi, Jamy, Nowaýy, Faraby baradaky»,  « Jelaleddin Rumy», «Hoja Dehhany», «Jelaleddin Rumynyň ogly», «Edebi mirasy öwrenmeklige obýektiw çemeleşmeli», «Müň ýyllyk edebiýat taryhymyz barada söhbet», «Gadymdan galan nusgalar», «Geçmiş mirasymyza göz aýlap…» ýaly ylmy döredijiliginde yz galdyran makalalary ýazypdyr.

Ol orta we ýokary okuw mekdepleri üçin neşir edilen okuw kitaplaryny, gollanmalaryny, çeper eserleri redaktirläpdir. Magtymguly Pyragynyň 250 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp çykarylan onuň eserleriniň iki tomlugynyň çykmagyna jogapkär bolupdyr. Nazar aga mugallymçylyk işiniň, ylmy gözlegleriniň, neşir etdiren kitaplarynyň daşyndan täze-täze goşgular, aýdym-sazlar, drama eserlerini döretmegini-de yzygiderli dowam etdiripdir. Ol 1960-1988-nji ýyllarda Merkezi metbugatda, Türkmen telewideniýesinde hem radiosynda käte-käte goşgular toplumlary bilen çykyş edip durmak bilen birlikde, özüniň birnäçe goşgular ýygyndylaryny-da neşir etdirýär. Ençeme aýdymdyr sazlary, akyldar şahyrymyz Magtymgula bagyşlanan «Pyragy», meşhur bagşy Sahy Jepbarowa bagyşlanan «Öçmejek ylham», öten halypalara hem öz mugallymy Han Akyýewe bagyşlanan «Geçmişiň owazy» atly dutar üçin pýesalar döredipdir. N. Gullaýewiň bu ýyllarda döreden drama eserlerinden «Çalşan gelinler», «Tiken» atly köp aktly teleoýunlary teleýaýlymda berilýär. Türkmenistanyň halk artisti kinorežissýor Halmämmet Kakabaýewiň surata düşüren «Ogul» kinosy köpimiziň ýadymyzdadyr. Şol filmde Nazar Gullaýewiň surata düşen keşbi bar. Ol başga-da «Ýusup-Ahmet», «Hamsa Nowaýy» filmlerinde döreden keşpleri bilen özüniň kino artistliginde-de ussatlygyny subut etdi. Kinodramaturg hökmünde ol 5 sany ssenariý ýazypdyr. Olaryň ikisi surata düşürilipdir. Onuň terjimeçilik işinde-de hyzmaty az däl eken. Gadymy we orta asyrlar türkmen şahyrlarynyň 70-80 sanysynyň goşgularyny şeýle hem daşary ýurt şahyrlarynyň käbirleriniň goşgularyny terjime edipdir. Ol  ýurdumyzyň Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy barada hem goşgular, makalalar, aýdymlar ýazdy. Nazar Gullaýewiň belent adamkärçiligi hakynda ony ýakyndan tanaýanlar «Garynjany ynjytmajak adamdy» diýip baha berýärler. Şu ýerde halypa mugallym Hojamyrat Goçmyradowyň Nazar Gullaýew hakynda taýýarlan gepleşiginiň wideo ýazgysyndaky käbir ýatlamalar hakynda hem durup geçesim geldi. Şol gepleşikde: «Nazar Gullaýewiň kakasynyň aýdym-saz sungatyna söýgüsi uly bolupdyr. Öýlerinde hemişe meşhur bagşy-sazandalar jemlenip saz-söhbet guralyp durlansoň, Nazar Gullaýew çagalykdan nusgawy aýdym-sazlardan gulagy ganyp ösen.

Ol ilkinji gezek «Bagt kanaly» atly aýdymy döredýär. Bu aýdym şol döwürde oba çeper höwesjeňleriniň arasynda geçirilen festiwalda birinji orna mynasyp bolýar. Şonda halypa kompozitor Weli Muhadow bu aýdymy döreden awtor hakynda gyzyklanýar. Mekdep mugallymy oňa: «Bu aýdymyň awtory öz okuwçymyz Nazar Gullaýew» diýip aýdýar. Nazar Gullaýew şol wagtlar onunjy synpda okaýar eken. Weli Muhadow ony ýanyna çagyryp aýdym-saz ugrundan okamagy maslahat berýär. Emma ol orta mekdebi tamamlap ol ugurdan okuwa girmedik bolsa-da, aýdym-sazdan arasyny üzmeýär. Onuň 40-dan gowrak aýdym-sazlarynyň ýazgysy Türkmenistanyň Kompozitorlar soýuzynyň fondunda resmileşdirilip saklanýar. Onuň goşgularynyň aýdymlarynyň tapawudy çuň halkylygy, milliligi, owaz bolup döreýänligi, heň kämilligi bilen islendik goşgusynda diňleýjini özüne çekip bilýän egsilmez ruhy güýç barlygynda. Nazar Gullaýew ençeme daşary ýurtlarda sazşynas hökmünde çykyş etdi. Ol ýedi bölümden ybarat Nowaýy sazynyň her birini ýeke-ýeke takyk çalyp bilýärdi. Halk sazlarynyň gadymy nusgalaryny juda gowy bilýärdi.

Saz sungatynyň taryhy ýazylanda Nazar Gullaýewiň ady goýulmaga mynasyp. Onuň aýdym-saz döredijiligi barada sazanda, sazşynas Çaryýar Jumaýew ylmy iş ýazdy. Nazar Gullaýewiň dürli ugurdan taryhy bilişi gaty güýçli. Ol ýer-ýurt atlary bilen bagly-da, taryhy şahsyýetlerimiz barada-da juda köp bilýärdi. Ol Magtymguly Pyraga bagyşlap aýdym-saz toplumyny döretdi. Ol Respublikanyň Magtymguly Jemgyýetiniň başlygy boldy. Häzirki Türkmen döwlet uniwersitetine, paýtagtymyzyň köçeleriniň birine Magtymgulynyň adynyň dakylmagynda hem mynasyp goşant goşdy» diýip aýdylýar. Soňra bir salym dynç almak üçin öýümiziň golaýyndaky seýilgähe gezelenje çykdym. Ol ýerdäki Nesiminiň heýkelini gaýtadan synlap durdum. Oýlanmalara berlip durşuma bir hakykata gaýtadan göz ýetirdim. Beýik şahsyýetlerine mertebe bagyşlap bilýän nesil dowamaty bolan halkymyzyň juda beýik halkdygyna buýsandym.

 Akgül Saparowa.

 

 

Töre Annaberdiýew: göwünleri ýylgyrşa beslän ussat

 

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar