BILIM

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda täze ugurlar açyldy

2022-2023-nji okuw ýylyndan başlap, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty täze ugurlar boýunça talyplyga we magistratura okuwa kabul edýändigini yglan etdi. Institut hünärmen maksatnamasy býujet esasynda, halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara hukugy, halkara žurnalistikasy hünärleri boýunça talyplyga kabul edýär.

Geljekki okuw ýylyndan başlap, institut hünärmen maksatnamasy tölegli esasda halkara ykdysady gatnaşyklary hünäri boýunça talyplyga kabul edýär.

Şeýle hem, institut bakalawr maksatnamasy boýunça tölegli esasda, halkara gatnaşyklary, halkara hukugy, halkara ykdysadyýeti hem-de syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugurlary boýunça talyplyga kabul edýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl institutda sanly diplomatiýa, halkara hususy hukugy we halkara jemagat hukugy boýunça magistr ugurlary açylypdy. Institutyň düzüm böleginde ýene bir täzelik hökmünde 2022-2023-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň Gündogary öwreniş, seljeriş we strategiki meýilleşdiriş, syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugrunyň açylandygyny bellemek bolar.

Häzirki wagtda institutda taýýarlygyň bakalawr we magistr maksatnamasynyň ähli ugurlary boýunça okuwlar tölegli esasda türkmen dilinde alnyp barylýar.

 

Talyp-2022: Ýokary okuw mekdepleri boýunça ähli habarlaryň jemlenen ýeri

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Aşgabatda saparda bolar

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Katar bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanly ýaşlaryň 100 sanysy Hytaýyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygy

Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda II halkara bäsleşigi geçirildi