SPORT

Di Mariýa “Ýuwentus” toparyna geçýär

Argentinanyň ýarymgoragçysy Anhel Di Mariýa Italiýanyň “Ýuwentus” toparyna geçýär. Ol Turin şäherine geldi we lukmançylyk barlagyndan geçer.

Di Mariýa italýan topary bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşar. 34 ýaşyndaky futbolçy bir ýylda 6 million ýewro gazanar. Goşmaçalar hem göz öňünde tutulýar.

Ol mundan ozal, 7 ýyl Fransiýanyň “PSŽ” toparyna oýnapdy. Topar bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soňra ol erkin futbolçy hökmünde özüne täze topar gözlemäge başlapdy.

 

Azyk önümleriniň kadaly saklanylmagyna üns bermeli

Related posts

Türkmenistanly futbolçy Gonkongyň kubogyna mynasyp boldy

Türkmenistan GDA-nyň oýunlarynda 2-nji medalyny gazandy

Arkadag topary: 20 duşuşyk 20 ýeňiş bilen taryhy rekord goýdy

Ata Watan Eserleri