Şu gün Mary şäherindäki «Ruhyýet» köşgünde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa bu hepdelige gatnaşmak üçin paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gadymy Mary topragynda ýygnanan medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.
Dabara «Ruhyýet» köşgüniň öňünde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen badalga berildi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň aýratynlykda şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, türkmen milli saz gurallarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergileri synlanyldy.
Köşgüň esasy zalyndaky dabaralar hormatly Prezidentimiziň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny uly tolgunma we el çarpyşmalary bilen garşylan dabara gatnaşyjylar soňra bu ýerde ýaýbaňlandyrylan konserte tomaşa etdiler.
Hepdelik şu gün öz işini «Mary» myhmanhanasynda geçiriljek «Köpçülikleýin habar beriş seişdeleriniň halkara hyzmatdaşlygyndaky orny» atly wideoaragatnaşyk arkaly halkara media forumy, welaýat kitaphanasynda döredijilik işgärleriniň we şahyrlaryň gatnaşmaklarynda «Arkadagyň dowamaty dowamdyr» atly iş maslahaty we şygryýet agşamy, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda wäşileriň çykyşy hem-de «Türkmeniň ak öýi» binasynda Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň medeniýet-sungat ussatlarynyň konserti bilen dowam etdirer.