SPORT

“Real Madridiň” 100 million ýewrolyk transferi

Fransuz ýyldyz Kilian Mbappeni düzümine goşup bilmedik Ispaniýanyň “Real Madrid” topary başga bir fransuz futbolçyny satyn aldy.

Fransiýanyň “Monako” toparynyň ýarym goragçysy Orelýen Tçuameni “Real Madrid” topary bilen 6 ýyllyk şertnama baglaşdy.

22 ýaşyndaky bu futbolçy “Bordo” toparynda futbol karýerasyna başlady. 2020-nji ýylda “Monako” toparyna geçdi. Bu toparda 95 duşuşykda 8 gol geçirdi. 2020-21-nji möwsümde Fransiýanyň çempionatynda iň ýaş futbolçy hasap edildi.

2021-nji ýylda Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edip başlady. Milli ýygyndyda 9 duşuşykda oýnady.

Bu futbolçy 14-nji iýunda “Real Madrid” toparynyň düzümine goşulmak üçin Madrid şäherine geler. Lukmançylyk barlagyndan soňra, gol çekmek dabarasy geçirilip, habarçylar bilen tanyşdyrylar.

 

ABŞ ýolagçylardan koronawirus test netijenamasyny talap etmeýär

Related posts

Jordonyň köýnekçesi satylýar

Türkmenistan Aziýanyň boks konfederasiýasynyň kongresine gatnaşdy

Habib yzyna dolanýarmy?