SIZDEN GELENLER

Sanly ulgam arkaly bilim bermegiň döwrebap usullary

Hormatly Prezidentimiz “Biziň ýaşaýan döwrümiz ylmy-tehniki ösüşleriň asyrydyr. Hut şonuň üçin ylmyň häzirki gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar bu gün dünýäniň her bir ýurdunyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini, geljegini kesgitleýän görkezijileriň esasy bolup durýar” diyip parasatlylyk bilen belleýär. Munuň özi ylym-bilimiň ösüşleriň gözbaşydygy baradaky düşünjä anyk we täzeçe many öwüşginlerini çaýýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde baý tejribä eýe bolan döwletleriň gazananlaryny, döwrebap innowasion tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmakda täze mümkinçilikler döredilýär. Sanly tehnologiýanyň giňden ornaşdyrylmagy häzirki zaman dünýäniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolmak bilen mikroelektronika, maglumat we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlarynda gazanylýan ösüşlere esaslanýar. Bilim bermekde, öwretmekde sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy ýaşlary diňe bir zähmet ýoluna taýýarlamak bilen çäklenmän, eýsem, döredijilikli pikirlenmäge ukyply, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan täze nesli kemala getirmäge hem ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli bilim edaralarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär mekdepleriniň arasynda uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar.

Onlaýn tehnologiýasy ynsan durmuşynyň hemme ulgamlarynda, esasan hem ylymda we okuwda ulanylýar. Şu döwürde täze maglumatlary öwrenmek üçin hökmany suratda sapakda bolmagyň geregi ýok.  Onlaýn okuw distansion (uzak aralykdan) bilimiň iň täze we iň meşhur görnüşidir. Soňky on ýylyň içinde ol mekdepden soňky bilime uly täsirini ýetirdi we gün-günden bu tendensiýa ösdürilip gelýär.

Häzirki wagta çenli öwretmekde we öwrenmekde iň meşhur çemeleşme bu onlaýn okuwydyr. Käbir internet maglumatlaryna görä, onlaýn okuwyna giriş talyp jemgyýetiniň we ýokary okuw jaýlarynyň arasynda has çalt depginli ösýär we geljekki ýyllarda bu ösüşiň depgininiň ýokarlanmagyna garaşylýar. Onlaýn okuwy baradaky maglumatlara şular girýär:

  • Häzirki wagtda 10 milliondan gowrak talyp onlaýn okuwlarynda okaýar.
  • Mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda onlaýn öwrenijileriň sanynyň artmagyna garaşylýar.
  • Bilim berýän edaralaryň köpüsi onlaýn okuwynyň uzak möhletli bolmagy bilen ylalaşýarlar.
  • Akademik ýolbaşçylaryň köpüsi onlaýn okuwynyň ýüzbe-ýüz okuw bilen hiliniň deňligini ýa-da ondan has ýokarydygyny nygtaýarlar.

Onlaýn okuwy, bu  internetde  geçirilýän okuwyň bir görnüşidir. Oňa köplenç “e-learning” diýilýär. Şeýle-de bolsa, onlaýn okuwy “uzak aralyk okuwynyň” diňe bir görnüşi däldir. Uzak aralykdan okuwyň uzyn taryhy bolup, onuň häzirki wagtda birnäçe görnüşleri bar.  Şol sanda:

  • Hat alyşmak kurslary (Correspondence Courses): yzygiderli poçta arkaly geçirilýän sapak.
  • Telekommunikasiýa (Telecourses): maglumat (bilim) radio ýa-da teleýaýlym arkaly berilýär.
  • CD-ROM kurslary (CD-ROM Courses): öwreniji statiki kompýuterden bilim alýar.
  • Onlaýn okuw (Online learning): Sinhron we asynhron görnüşde hödürlenilýän internet esasly kurslar.
  • Mobil okuwy (Mobile Learning): öýjükli telefonlar, hususy jübi kompýuterler (PDA), sanly enjamlar, pleýerler (iPodlar, MP3 pleýerler) arkaly geçirilýän sapak.

Häzirki wagtda okamak üçin köp mukdarly onlaýn okuw platformalar, web-sahypalar, bloglar we wideo-gorly saýtlar döredildi. Olaryň hemmesi öwretmek we öwrenmek üçin internetde dürli çeşmeleri hödürleýär. Häzirki wagtda onlaýn okuwlary gurnamak üçin tutuş bir pudak ýüze çykdy. Kurs Dolandyryş Ulgamynyň (CMS – Course Management System ) programma üpjünçiligi häzirki wagtda daşary ýurtda ähli ýokary okuw jaýlary tarapyndan ulanylýar. CMS mugallymlara sapaklary dizaýnlaşdyrmak we geçirmek, okuwçylaryň ünsüni çekmek, olaryň özara gatnaşygyny işjeňleşdirmek we dürli ulgamlary ulanmak üçin mümkinçilik berýär. Peýdaly CMS ulgamlary şu aşakdakylary öz içine alýar:

  • Blackboard (www.blackboard.com)
  • WebCT (www.webct.com)
  • eCollege (www.ecollege.com)
  • ETUDES-NG (http://etudesproject.org)
  • Moodle (http://moodle.org)
  • Angel (http://angellearning.com)

Bu CMS ulgamlarynyň islendigi mugallymlara okadýan dersiniň mazmunyny bermek, talyplaryň we mugallymlaryň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak hem-de bahalandyrmak mümkinçiligini döredýär. CMS tarapyndan hödürlenilýän dürli onlaýn gurallar hem bar. Häzirki wagtda iň köp ulanylýan gurallara şu aşakdakylar degişlidir:

Schedule (Gün tertibi) – möhletleri, wakalary we ş.m. ýerleşdirmek hem-de görmek üçin;

Announcements (Bildirişler) – öwrenjilere häzirki zaman maglumatlary ibermek üçin;

Syllabus (Okuw meýilnamasy) – okuw meýilnamasyny döretmek we ýerleşdirmek üçin;

Modules (Modullar) – modullar arkaly okadylýan dersleriň mazmunyny neşir etmek we görmek üçin;

Assignments (Ýumuşlar) – Talyplaryň ýumuşlaryny ýerleşdirmek, tabşyrmak we bahalandyrmak üçin;

Discussion Board (Ara alyp maslahatlaşma saýty) – ara alyp maslahatlaşmalar, toparlaýyn iş we hyzmatdaşlyk üçin;

Private Messages (Şahsy söhbetdeşlik) – Talyplaryň we  mugallymlaryň arasynda şahsy aragatnaşyk üçin;

Chat For Real-Time (Göni/bolup duran söhbetdeşlik) – göni/bolup duran sinhron söhbetdeşlik üçin;

Tests & Quizzes (Barlag işler) – Synaglary, barlag işleri we ş.m. ýazmak hem-de dolandyrmak üçin;

Gradebook (Synp kitaby) – Talyplaryň bahalaryny ýerleşdirmek we dolandyrmak üçin;

Bütin dünýäde okatmagyň adaty synp görnüşleri tehnologiýanyň örän çalt depginde ösmegi bilen üýtgäp durýar, hatda synp otaglarynda-da tehnologiýalar uly rol oýnaýar. Okuw usullarynyň köpdügine garamazdan, synpda ulanylýan adaty usullaryň köpüsi onlaýn ýagdaýynda deň derejede ulanylyp bilner. Şeýle-de bolsa, saýlanylýan okuw usuly okatmagyň pelsepesine, maksatlaryna, derse we synp demografiýasyna görä üýtgeýär. Häzirki wagtda iň köp ulanylýan onlaýn okatmak usullaryna şu aşakdakylary mysal edip getirmek bolar:

Tanyşdyryşlar (Prezentasiýalar). Tanyşdyryşlar adaty sapakdaky ýaly onlaýn okatmagyň giň ýaýran usullarynyň biridir. Bu usul adaty okuw kitaby bilen deňeşdirilende, öwrenijileriň köpüsinde has köp täsir galdyrýar. Ondan başga-da, öwrenijileriň köp mukdary wizual öwrenijiler bolandyklary sebäpli tanyşdyryşlar örän peýdaly usul bolup durýar.

Iň esasy zat tanyşdyryşlar sapagy has gyzykly etmek bilen olar çylşyrymly maglumatlary, wizuallary (suratlar, wideoşekiller we ş.m.) gowşurmak we düşünmekligi aňsatlaşdyrmak mümkinçiligini berýärler. Mundan başga-da, sapakdan soň berlen maglumatlary täzeden gözden geçirmek we öwrenmek üçin öwrenijiler bilen tanyşdyryşlary paýlaşyp bolýar. Tanyşdyryşlary döretmek we görkezmek üçin şu aşakdaky gurallar ulanylýar:

  • Google Slides
  • Microsoft PowerPoint
  • SlideShare

Onlaýn tanyşdyryşlar Zoom ýa-da Google Meet ýaly gurallar bilen geçirilende sapaklar has täsirli bolýar.

Onlaýn tagta. Onlaýn tagtalar mugallymlar bilen öwrenijileriň arasynda paýlaşylýan synp gurallarynyň iň meşhur görnüşleriniň biri bolup durýar. Olar çäksiz kanwany, dürli diagrammalary we tablisalary döretmek üçin kitaphanalary, öňünden taýýarlanan şablonlary, eskizleri, şekilleri we dürli ýazuw görnüşlerini hödürleýär.

Adaty tagtalardan tapawutlylykda, olar döredilen mazmuny sanlaşdyrmaga mümkinçilik berýär we şonuň üçin olary täzeden paýlaşmak we soňky döwürde olara ýüzlenmek has peýdaly bolup durýar. Şeýle hem, onlaýn tagtanyň kömegi bilen şol bir wagtyň özünde tagtada talyplar bilen şu aşakdaky işleri ýerine ýetirmek mümkin:

  1. Ýumuşlary ýerine ýetirmek;
  2. Sapaklary gaýtalamak;
  3. Akyl derejesini kesgitlemek;
  4. Interaktiw ýumuşlary we gönükmeleri ýerine ýetirmek;
  5. Öý işini gözden geçirmek we iki taraplaýyn pikir alyşmak;

Göni onlaýn sapaklar. Tehnologiýa mugallymyň öwrenijiler bilen bir otagda bolmadyk ýagdaýynda sapaklary onlaýn görnüşinde ýaýratmagy aňsatlaşdyrdy.

Wideoşekilli maslahat gurallaryny ulanyp, dünýädäki talyplar bilen sapak bermek üçin aragatnaşyk gurap bolýar. Onlaýn tagtany ulanmak bilen sapaklary has hem täsirli görnüşde geçirip bolýar.

Ýazgy edilen umumy sapaklar. Öň ýazgy edilen umumy sapaklaryň artykmaçlygy göni ýaýlym sapaklaryndan tapawutlylykda öwrenijileriň mugallymyň ýok ýerinde islendik wagt öz islegine görä öwrenmek mümkinçiligini döredýänligindedir. Şeýle hem, olar gaýtalamak maksady üçin dürli çeşmeler bilen üpjün edýärler. Öň ýazgy edilen umumy sapaklaryň ýene-de bir bähbitli tarapy mugallymyň düşündiren maglumatyny sapakdan-sapaga gaýtalamaklygynyň öňüni alýar.

“Agdarylan” sapak. Agdarylan sapak soňky birnäçe ýylda bilimde iň meşhur okatmak usullarynyň birine öwrüldi. Ol adaty synp formatyna ters gelýän strategiýany göz öňünde tutýar. Bu ýerde öwrenijilerden sapakdan ozal synp mazmunyny gözden geçirmek talap edilýär. Soňra esasy sapak wagty öwrenijileriň öwrenen maglumatlaryny berkitmek üçin dürli ýumuşlar, ýagny jedeller, mesele çözmek, çuňňur pikir çekişmeler ýaly işlere sarp edilýär.

Wideoşekilli ýazgylar agdarylan sapaklaryň esasy bölegine öwrüldi. Mugallymlaryň köpüsi öz wideoşekilli ýazgylaryndan başga beýleki mugallymlar tarapyndan döredilen wideoşekilli ýazgylary hem ulanyp bilýärler. Wideoşekilli ýazgylary öwrenijileriň we mugallymlaryň arasynda paýlaşmak üçin YouTube ýaly wideo paýlaşma platformalary ulanylyp bilner.

Synp blogy. Blog öwrenijiler üçin öwrenen zatlaryny çuňňur makalalar görnüşinde paýlaşmaklygyň peýdaly ýeriniň biridir. Öwrenijiler blog ýazgylarynda aýratyn ýa-da toparlaýyn işläp bilerler. Bu öwrenijileriň ylmy-gözleg ukyplaryny ýokarlandyrmak we olary özbaşdak öwrenmäge höweslendirmek üçin ajaýyp ýoldur. Mugallym bu blogy sapaklar bilen birlikde okuw maglumatlaryny paýlaşmak üçin platforma hökmünde ulanyp bilýär.

Göni söhbetdeşlik. Göni söhbetdeşlik synpda bolup geçýän söhbetdeşlik ýumuşlaryny işjeňleşdirmegiň ýene bir ajaýyp usulydyr. Slack, WhatsApp, Facebook Messenger, Skype we ş.m. platformalar öwrenijilere we mugallymlara sapaklaryň dowamynda aragatnaşyk saklamak we geçilen sapagy gaýtalamak mümkinçiligini berýärler. Göni söhbetdeşlikden öň öwrenijileriň öz pikirlerini paýlaşmak we soraglaryny bermek üçin anyk görkezmeler kesgitlense ýerlikli bolýar.

Söhbetdeşlik tagtalary we forumlar (Discussion Boards and Forums). Bu gurallar öwrenijilere öwrenen zatlaryny ýa-da synpda beýlekiler bilen has köp bilmek isleýän zatlaryny paýlaşmak üçin mümkinçilik berýär. Aýry-aýry sapaklar üçin niýetlenen dürli söhbetdeşlik tagtalaryny tertip boýunça sanly gurnap bolýandygy mugallymlaryň işini aňsatlaşdyrýar. Islendik mugallym bu söhbetdeşlik tagtalaryny we forumlary Creately ýaly onlaýn wizual iş meýdançasy bilen aňsatlyk bilen döredip talyplar bilen paýlaşyp bilýär.

Okuwyň onlaýn görnüşini saýlamaklygyň birnaçe artykmaçlyklary bar. Olara şu aşakdakylar girýärler:

  • Haçan we nirede isleseňiz: ir säher bilen, öýde ýa-da ýolda, iş arakesmesinde ýa-da agşam, kofe dükanlarynda ýa-da otluda islendik onlaýn kompýuterden girip bolýar.
  • Okuw üçin wagt saýlamak erkinligini berýär.
  • Esasy internet birikmesi bilen öwreniji dürli kurslara gatnaşyp bilýär.
  • Wagt we pul tygşytlamak bilen okuwa gatnamagyň zerurlygy ýok.
  • Iş meýilnamalaryny ýerleşdirip bolýar.
  • Onlaýn okuw adatça umumy sapaklaryň öňünden ýazylan wideoşekillerini öz içine alýar. Aňsat böleklerde wideoşekilleri çaltlaşdyryp we has kyn düşünjelere düşünmek üçin haýallaşdyryp bolýan mümkinçilikleri berýär. Bu usul daşary ýurt diline düşünmekde kynçylyk çekýänlere aýratyn peýdalydyr.
  • Wideoşekiller ýa-da olaryň ýazgylary enjama göçürilenden soň, olara çäksiz girip bolýar.
  • Köp onlaýn sapaklar goşmaça okamak üçin maglumatlar we goşmaça çeşmeler bilen üpjün edýär. Bular peýdaly web sahypalary ýa-da onlaýn ýagdaýynda elýeterli kagyzlary öz içine alyp bilýärler.
  • Söhbetdeşlik forumlarynda dünýäniň dürli künjeginde okaýan öwrenijiler bilen meseleleri ara alyp maslahatlaşyp bolýar.
  • Öwrenijileriň jogapkärçiligini we öz-özüňi terbiýelemek ýaly endikleri ösdürýär.
  • Mugallymlara talyplaryň işini has içgin öwrenmek wagt mümkinçiligini berýär.
  • Innowasion ýumuşlaryň dürlüligini we döredijiligini ýokarlandyrýar.
  • Talyp-mugallym we öwreniji-öwreniji gatnaşyklaryny ýokarlandyrýar.
  • Utanjaň öwrenijiler onlaýn ýagdaýynda açylýarlar.
  • Mugallymlarda onlaýn bahalandyrmagy dolandyrmak ukybyny döredýär.

Ýurdumyzyň her bir raýatynyň, hususan-da ýaşlaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp bilmegini gazanmak üçin milli bilim ulgamynyň öňünde duran giň möçberli, halk ähmiýetli wezipeler häzirki wagtda giňişleýin beýanyny tapýar. Ýurdumyzda innowasiýa işiniň ýerlikli hem-de döwrebap guralmagy we ösdürilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Sanly bilimi giňişleýin ulanmak ýurdumyzyň ösüş depgininiň çaltlaşmagyna hem-de sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, bilim bermegiň täze sepgitlerine ýetilmegine ýardam berýär.

Ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary barada taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam baradaky başlangyçlary häzirki wagtda rowaçlyklara beslenýär.

Aýyt Annaýew, Allamyrat Durdymädow, Dawutmuhammet Şamuhammedow, 

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary.

 

 

Pandemiýa 573 adamy milliarder etdi

                                                                                                                                                                                          

 

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat