SPORT

“FA Kubogynyň” finaly: “Liwerpul” – “Çelsi”

Angliýanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda çykyş etjek toparlar belli boldy. Şoňa laýyklykda, dünýäniň iň gadymy ýaryşynyň 2022-nji ýyldaky ýeňijisi 14-nji maýda belli bolar.

Final duşuşygynda “Liwerpul” topary bilen “Çelsi” topary duşuşar. “Liwerpul” topary myhmançylykda “Mançester Siti” toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi. Örän çekeleşikli geçen duşuşyga çalt girişen “Liwerpul” topary duşuşygyň ilkinji minutlarynda gollary geçirip, ýeňiş gazandy. “Mançester Siti” topary ikinji ýarymynda tijenen hem bolsa, hasaby deňläp bilmedi.

“Çelsi” bolsa, “Kristal Palas” toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşykda “Çelsi” topary duşuşygyň ikinji ýarymynda geçiren gollary bilen ýeňiş gazandy.

Şeýlelikde, dünýäniň iň gadymy futbol ýaryşynyň 141-nji möwsüminiň finalynda “Liwerpul” – “Çelsi” duşuşar.

Angliýanyň kubogy ugrundaky ýaryşda bassyr 7-nji gezek “Emirates” awiakompaniýasy hemaýetkär bolup durýar. Şonuň üçin 2021-2022-nji möwsümde kubogyň ady “The Emirates FA Cup” hökmünde hem atlandyrylýar.

Bu ýaryşa Angliýadan, Uelsden we Gernsiden 729 topar gatnaşýar.

Soňky gezek bu kubogy “Lester Siti” topary gazandy.

Ýaryşyň ýeňijisi 2022-23-nji möwsümde Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gönüden-göni gatnaşmaga hukuk alýar.

Çaýyň 1 kilogramynyň bahasy 15.5 müň dollar

 

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy