SIZDEN GELENLER

Dürli kesellere garşy durmaga ukyply bugdaý tapyldy

Molekulýar biologlar Ysraýylda bugdaý ösümligiň ekinlerine ýokaşýan kömelek we bakterial patogenleriň köpüsine aşa çydamly ýabany bugdaýynyň bardygyny anykladylar. Onuň genleri ekinleri bu kesellerden goramaga kömek eder.

Alymlar uzak wagty dowamynda amala aşyran ylmy-barlaglarynyň netijesinde, bugdaýyň dürli kesellere garşy durmaga ukyply görnüşini tapdylar.

Mälim bolşy ýaly, bugdaý häzirki wagtda dünýäde iň köp ösdürilip ýetişdirilýän däneli ekin bolup galýar. Ekilen ekin meýdanlarynyň umumy meýdany iki ýüz million gektardan gowrak bolup, bugdaýyň hasyly bolsa 760 million tonna töweregidir. Adamzadyň barlygynyň bütin dowamynda gadymy seleksionerler we häzirki zaman agronomlary bu dänäniň ýüzlerçe görnüşini ösdürip ýetişdirýärler, tagamy, hasyllylygy, çydamlylygy we beýleki häsiýetleri ep-esli üýtgeýär.

Olaryň köpdügine garamazdan, howa şertleriniň duýdansyz üýtgemegine çydamly we ýokary hasylly bugdaýyň täze görnüşleriniň ýüze çykarylmagy bilen, bugdaýyň däneleriniň ýokumly we hasyllygyny ýitirmegi hem bolup geçýär. Şonuň üçin alymlar dürli ýagdaýlara has çydamly bugdaý görnüşlerini kemala getirmek üçin bugdaýyň ýabany görnüşleriniň arasynda hem ylmy-barlaglary geçirýärler.

Alymlar olary gözlemek üçin dänäniň genomyna awtomatiki laýyk gelýän we kesellerden goramak bilen baglanyşykly ýerleri görkezýän ýörite Mutant Hunter algoritmini döretdiler.

Alymlar ylmy-barlaglarynda däneleri baldak posyndan, bugdaýyň, arpanyň we başga-da köp ösdürilip ýetişdirilen däneli ekinleri kömelek keselinden goramak üçin göreşip bilýän genleri tapmaga has köp ähmiýet berdiler.

Şeýle hem gen Ysraýylyň çäklerinde ýetişýän “Aegilops sharonensis” ýabany bugdaýda tapyldy. Alymlar bu DNK-ny bugdaý ekinleriniň genomyna goşmak, bugdaý hasylyny 21 göterim ýokarlandyryp biljekdigini, şol bir wagtyň özünde fungisidleri satyn almak üçin az çykdajylaryň netijesinde galla ösdürip ýetişdirmegiň çykdajylaryny azaldyp biljekdigini çaklaýarlar.

Umuman, bugdaý ähli halklar ýaly, türkmen halky üçin hem möhüm oba hojalyk ekinidir.

 Türkmenistanyň çäginde bugdaý ähli döwürlerde-de aýratyn ähmiýetli önüm bolupdyr. Munuň şeýledigine taryhy maglumatlar, ýazuw çeşmeleri şaýatlyk edýär.

Parasatly ata-babalarymyz «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy», «Bugdaýy bolmadygyň ýagdaýy bolmaz», «Bugdaý: «Bäş aýda bir garyş, bir aýda bäş garyş öserin diýermiş» diýen ýaly nakyllardyr aýtgylaryň üsti bilen bugdaýyň adamzadyň durmuşynda örän möhüm orny eýeländigini nygtapdyrlar.

Nurýagdy Aýdogdyýew,

S. A. Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy​.

 

«EKSPO — 2020»: iň gowy pawilýon

 

Ýene-de okaň

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…