BIZNES

Özbegistanda ýylylyk elektrik stansiýasynyň düýbi tutuldy

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde bu ýurduň Surhanderýa oblastynyň Angor etrabynda täze ýylylyk stansiýasynyň düýbi tutuldy.

Bu iri elektrik taslamasynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna Özbegistanyň Prezidenti forumyň çäklerinde onlaýn tertibinde gatnaşdy. Taslamanyň umumy bahasy 1,2 milliard dollara barabardyr. Onuň kuwwaty 1560 megawatt bolup, stansiýada her ýylda 12 milliard kilowatt-sagat elektrik energiýasy öndüriler.

Häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün ediljek bu ýylylyk elektrik stansiýasynda bir ýylyň dowamynda 1 milliard kubmetr tebigy gaz tygşytlamaga mümkinçilik berer.

Ol Surhanderýa oblastynyň ilkinji ýylylyk stansiýasy we ýurtda soňky ýyllarda gurulýan iri elektrik beketleriniň biri bolar.

Elektrik stansiýasynda öndüriljek elektrik energiýasy Surhanderýa oblastynyň 500 müň hojalygyny elektrik togy bilen üpjün eder. Mundan başga-da, Owganystana her ýylda azyndan 3 milliard kilowatt-sagat elektrik energiýasyny eksport etmäge mümkinçilik berer.

Bu taslama döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylar we onuň gurluşygyna Germaniýanyň “Siemens Energy”, Fransiýanyň IDEF we Niderlandrlaryň “Stone City Energy” kompaniýalary gatnaşar. Bu stansiýany 2024-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Soňky 3 ýylyň dowamynda Özbegistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň çäklerinde umumy kuwwaty 1 müň megawatt bolan 5 elektrik bekedi ulanmaga berildi. Bu taslamalar üçin çekilen daşary ýurt maýa goýumy 1 milliard dollardan geçipdir.

Häzirki wagtda Özbegistanda umumy kuwwaty 9 müň megawatt güýjünde 19 elektrik bekedi gurulýar. Olaryň umumy bahasy 10 milliard dollardan gowrakdyr.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Ýene-de okaň

Türk ilçisi: energetika Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzyň möhüm ugry

Ýewropa Bileleşigi bilen Hindistan erkin söwda barada ylalaşyk gazandy

Täjigistanyň ykdysady ösüşi 8,4 göterime deň boldy

“Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy taýýarlandy

Türkmenistan Belgradda geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä sergisine gatnaşar

Ankaranyň Söwda-senagat palatasynda duşuşyk geçirildi