DÜNÝÄ

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygyna gynanç hatyny iberdi

Hytaýyň awiakompaniýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine uçar heläkçiligi sebäpli gynanç hatyny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň günorta sebitinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Mälim bolşy ýaly, Hytaýyň günortasynda “China Eastern Airlines” awiakompaniýasyna degişli bolan “Boeing 737” ýolagçy uçary heläkçilige uçrapdy.  Bu uçar gatnawy Kunmin şäherinden (Ýunnan welaýaty) Guançžou (Guandun welaýaty) ugry boýunça uçuş amala aşyrýardy.

Garagumyň kenarynda Milli bahar baýramy

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Hindistanyň meşhur aktýory Dharmendra aradan çykdy