Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik başlangyçlaryny durmuşyň özi barha belende galdyrýar. Çünki ol başlangyçlar ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende göterip, halkymyzy eşretli durmuşa tarap bedew bady bilen okgunly öňe alyp barýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli beýik işleriň ählisi diňe bir häzirki döwre däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem bagtyýarlygyna gönükdirilendir.
Eziz Diýarymyzyň saýlap alan ýolundan bedew bady bilen öňe gitmegi ynsan mertebesini belende göterip, ajaýyp wakalar taryhyň altyn gatlaryna ýazylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni taýdan ösdürmekde alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanda geçen 30 ýylyň içinde ähli ugurlar boýunça guwandyryjy işler durmuşa geçirildi. Bu döwürde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny depginli ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn ähmiýet berildi.
Geljek 30 ýylda hem ýurdumyzy has-da depginli ösdürmek ugrunda giň tagallalaryň ediljekdigini ynamly aýdyp bolar.
Muny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşyndan hem görmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň çykyşyna teleýaýlymda tomaşa edip, ýurdumyzyň täze ösüşlerine tarap ynamly ädimler bilen öňe gitjekdigini ynamly aýtmak bolar.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda: “Daşary ýurtlardan ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin maýa goýumlaryň möçberi-de artdyrylar. Ekologik abadançylygy üpjün etmek, geljek nesillerimiz üçin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de olaryň biologik dürlüligini artdyrmak, tebigy serişdelerimizi netijeli we durnukly peýdalanmak, şeýle hem bereketli topragymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek boýunça giň gerimli işler geçiriler. Önümçilige häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalary hemişelik esasda ornaşdyrylar we suwarmagyň ozal ulanylýan usullary kämilleşdiriler. Ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmäge, mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny artdyrmaga, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmäge aýratyn üns berler” diýmek, bilen oba hojalyk pudagynyň hem giň gerimli özgertmeler bilen ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berjekdigini belledi.
Mahlasy, häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýalaryň örän çalt depginler bilen ösýän döwründe ýurdumyzda innowasion häsiýete esaslanýan, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa arkaly ösdürmäge niýetlenilen özgertmeler dowam edýär. Öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, täze ykdysady gatnaşyklary emele getirmäge aýratyn üns berilýär. Bu bolsa ykdysady strategiýany durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.
Muhammet Atabaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ dosenti, f.m.y.k.