SIZDEN GELENLER

Bahar geldi ilime

Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daglaryň käýeri al-ýaşyl dona bürense, käýeri gyrmyzy gülälekden düşek düşenýär.

Pa­syl­lar ça­lyş­dy. Gyş pas­ly öz or­nu­ny ba­har pas­ly­na ber­di. Ýaz pas­ly köp adam­lar üçin tä­ze umyt­la­ryň, öz­ge­riş­lik­le­riň döw­ri. Gy­şyň gu­tar­ma­gy bi­len te­bi­gat jan­la­nyp, dur­muş aja­ýyp gö­rün­ýär.

Pasyllaryň soltany bahar pasly belent ruh hem tolkun atyp duran ylham bilen gadam basýar. Mylaýym howasy, gülleriň heniz şineden ýaňy pyntyk ýaryşy we owadan gülleýşi, gülleriniň mylaýym ysy bilen her bir jana tenekar.

Ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklaryň ählisi diýen ýaly özüne mahsus bolan milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şol aýratynlyklar bolsa öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, biziň häzirki bagtyýar döwrümize çenli gelip ýetipdir. Şonuň ýaly aýratynlyklary özünde jemleýän, halklary biri-biri bilen ýakynlaşdyrýan, jebisleşdirýän Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni hem şolaryň naýbaşylarynyň biridir.

Hä­zir­ki dö­wür­de te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­mek ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Mil­li we äh­lu­mu­my de­re­je­de eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­niň bäh­bi­di­ne şä­her­le­riň hem-de oba­la­ryň tö­we­re­gin­de ýa­şyl zo­lak­la­ryň dö­re­dil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan uzak möh­let­le­ýin ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­mek mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Ata Wa­ta­ny­myz­da da­ragt­la­ryň we gül­le­riň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne uý­gun­laş­dy­ry­lan köp san­ly gör­nüş­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek, kö­pelt­mek hem-de ýaý­rat­mak ba­ra­da uly ala­da­lar edil­ýär. Ba­ha­ryň il­kin­ji gün­le­rin­de ýur­du­myz­da dä­be öw­rü­len äh­li­halk bag ekmek ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy te­bi­ga­tyň tä­ze­le­ni­şi­ne mah­sus bo­lan ýag­daý­dyr.

Aýlar Güýjiýewa, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

15-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk