SIZDEN GELENLER

Oba hojalygynda täze usul – gidroponika

Oba hojalygy azyk bolçulygynyň döredilmegine möhüm pudaklaryň biri bolmagynda galýar. Şonuň üçin ýylyň ähli paslynda önümçiligiň ýola goýulmagy babatda täzeçil usullar oýlanyp tapylýar. Ýyladyşhana ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy bilen ýylyň ähli döwründe dürli gök-bakja önümlerine bolan islegi kanagatlandyrmak ýola goýuldy.

Şeýle hem oba hojalyk önümçiliginiň geriminiň giňeldilmegi üçin ýene-de bir usul tapyldy. Ol hem gidroponika. Ol, umuman, topraksyz ösümlik ýetişdirmek usulydyr. bu ugruň kesgitlemesinden görnüşi ýaly, gidroponika ösümlik köklerini we ösümlikleri ýokumly baý suwda gönüden-göni ösdürip ýetişdirmek üçin dürli materiallary ulanyp, topraksyz ösdürmegiň usulydyr.

Munuň üçin esasy gerek zat süýji suw bolup durýar. Ösümlikleriň köpüsi 6-6.5 töweregi pH derejeli suwy halaýarlar. Suwuň kislotalylygyny artykmaç erginler bilen sazlap bolýar.

Bu ulgamy döredilende kislorod zerurlygy hem göz öňünde tutulmaly. Ösümligi suwa doly çümdürmek zerur däldir. Sagdyn we öndürijilikli bolmak üçin ösümligiňize köp mukdarda magniý, fosfor, kalsiý we beýleki iýmitler gerek bolar. Munuň üçin hem zerur garyndylar taýýarlanyp bilner.

Bu usuldaky ösümlikleri ösdürmek ýetişdirmekde ýagtylyk möhüm bolup durýar. Ösümlikleri içerde ösdürip ýetişdirmekçi bolnanda, ýöriteleşdirilen yşyklandyryş ulgamy hem göz öňünde tutulmalydyr.

Bu ulgam dünýädäki öndürijilere ýylyň islendik wagtynda azyk öndürmäge we az serişdeleri bilen has ýokary hasyl almaga mümkinçilik berýär.

Gidroponiki ekerançylygyň peýdaly taraplary hökmünde ýeri tygşytlamak, çalt ösdürip ýetişdirmek, iýmitlendiriş zatlary gözegçilik etmek, ýapyk ýerde ösdürip ýetişdirmek ýaly ugurlar agzamak bolýar. Şeýle hem mundan ösümlikleri haşal otlardan arassalamak diýen düşünje hem ýokdur.

Nurýagdy Aýdogdyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

Kitap barada…

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk