Hytaýyň we Germaniýanyň alymlar topary ilkinji gezek ýeralmanyň genomyny doly kesgitlediler. Bu ylmy barlag ýeralmanyň ösdürilip ýetişdirilmegi hem-de dürli kesellere garşy durnuklylygyny has içgin öwrenmäge kömek eder. Bu barada Germaniýanyň ösümlikleri köpeltmek instituty (IPZ) habar berdi.
Ýeralmanyň genomyny kesgitlemek – onuň hasylly täze görnüşleri döretmäge we şol bir wagtyň özünde ýakyn onýyllyklarda möhüm ähmiýete eýe boljak global ýylylyga çydamly bu önümiň ýokary netijeli tohumçylyk-seçgi işlerini geçirmäge mümkinçilik berer.
Kömelek we bakteriýa keselleriniň köpüsi ýeralmany ösdürip ýetişdirmäge päsgel berýär. Alymlar we seleksionerler adaty we genetiki taýdan üýtgedilen ýeralmanyň täze görnüşlerini döretmek arkaly olara garşy göreşmäge synanyşýarlar.
Alymlar täzeçil tehnologiýalary ulanmak arkaly ýeralmanyň öndürijiligi hem-de hasyllygyny artdyrmak ugrunda giňden tagalla edýärler.
Ýeralma azyk önümi hökmünde iň köp isleg bildirilýän önümleriň biridir. Ony iýmek üçin ýylyň dowamynda öňki hasyldan täze hasyla çenli saklap bolýar.
Ýeralmanyň örän möhüm senagat ähmiýeti bardyr. Ol krahmal, spirt, glýukoza, dekstrin, kauçuk öndürmekde esasy çig mallaryň biridir. Onuň krahmaly azyk, dokma, kagyz, otluçöp öndürýän we beýleki senagat pudaklarynda giňden ulanylýar. Ýeralmanyň klubenlerinde 75% suw, 25% gury madda bardyr. Klubende B1, B6, PP, C, K witaminleri we karbonoidler bolýar. Ýeralma azyklyk ekin bolup, ähmiýeti boýunça çörege örän golaýdyr.
Türkmenistan döwletimizde hem bu azyklyk önümi ösdürip ýetişdirmek ugrunda giň tagallalar edilýär. Ýurdumyzda 30 müň gektarynda ýazlyk ýeralma ekilýär. Şu ýyl Türkmenistanda 106 müň gektar meýdanda ýeralma hem-de beýleki gök we bakja ekinlerini ekmek meýilleşdirilýär.
Berdimyrat Mürrikow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.