SIZDEN GELENLER

Ýewropada ýylyň awtoulagy belli boldy

Her ýyl Ýewropada “Ýylyň awtoulagy” saýlanýar. 2022-nji ýylda bu baýragy almak ugrundaky bäsleşikde elektrikli ulaglar agdyklyk etdi.

Awtoulag dünýäsiniň iň abraýly baýraklaryndan biri bolan “Ýewropada ýylyň awtoulagy” bäsleşiginiň finalçylary geçen ýylyň noýabr aýynda yglan edilipdi.

2022-nji ýylda “Ýylyň awtoulagy” bäsleşiginiň finalçylary 39 ulagyň arasynda saýlandy. Bäsleşikde 23 döwletden jemi 61 emin ses berdi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin awtoulaglar täze bolmaly we 2021-nji ýylyň ahyryna çenli azyndan 5 Ýewropa ýurtlarynda satylmaly.

2022-nji ýylda “Ýewropada ýylyň awtoulagy” baýragyna “Kia EV 6” ulagy gazandy. Şeýle hem “Kia” kompaniýasy 59-njy gezek geçirilýän bu bäsleşikde birinji gezek öňdeligi eýeledi.

“Kia EV 6” ulagy jemi 279 utuk jemledi we 12 emin agzasynyň iň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bu bäsleşikde ikinji orny “Renault Magane E-TECH” we üçünji orny  “Hyundai Ioniq 5” ulagy eýeledi.

2021-nji ýylda Ýewropada “Ýylyň awtoulagy” baýragyny “Toyota Yaris” ulagy gazanypdy.

 

Perman Awezdurdyyew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetinin talyby.

 

Ermenistan täze prezidentini saýlaýar

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk