Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kärhanalarynda guwandyryjy zähmet görkezijileri gazanylýar. Pudagyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýangyç-energetika toplumyna köp möçberde maýa goýumlaryň goýulmagy barada gol çeken taryhy Kararlary bilen nebitgaz pudagy täze ösüş tapgyryna gadam basdy.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen nebitgaz toplumynyň düzümlerinde ýokary netijeler gazanylýar, pudaga yzygiderli maýa goýumlary gönükdirilýär. Munuň özi Prezident maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny bellemelidir. Bu ugurda nebitgaz senagatynda alnyp barylýan işler has hem giň gerime eýedir. Türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak, halkara gaz geçirijileriniň ugurlaryny giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli toplumyň düzümleriniň agzybir işgärleriniň ýadawsyz zähmeti öwgä mynasypdyr.
Nebitgaz toplumyna gönükdirilýän maliýe serişdeleri hem nebit we gaz senagatynda, geologiýa pudagynda alnyp barylýan işleriň öňküden-de ýokarlanmagyna, milli ykdysadyýetimiziň pugtalanmagyna batly itergi berer, halkymyzyň abadan durmuşynyň eşretini artdyrar.
Häzirki wagtda nebitgaz senagatymyzyň kerwenbaşysy bolan Türkmenbaşy şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda köp işler durmuşa geçirilýär. Bu häzirki zaman kärhanasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli müdirliklerinden gelip gowuşýan «gara altyn» gaýtadan işlenip, harytlyk görnüşine getirilýär. Daşarky sarp edijiler tarapyndan uly islegler bildirilýän geçginli önümleri öndürmekde bu ýerde nusga alarlyk işler alnyp barylýar. Şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan täze önümçilikleri giňeltmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, şol sanda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Muňa bolsa ýaňy-ýakynda zawodlar toplumynda içerki mümkinçilikleriň hasabyna täze A-98 kysymly awtoulag benzininiň öndürilip başlanmagam aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň möhüm ugry bolup durýar.
Olga Myradowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Aziýanyň Kubogy-2023: Türkmenistanyň ýygyndysynyň duşuşyklarynyň senesi