SIZDEN GELENLER

Özüm bolasym gelýär

Dünýä indim, dünýä inişim ýaly

Tirsegime özüm galasym gelýär.

Bäş günlük panyda ömrüň lezzetin,

Bolşy ýaly duýup, bilesim gelýär.

 

Söýgüde-de özüm bolasym gelýär,

Geň göremok özgeleriň bolşuny.

Geň görýärin yşk çemenli sährada,

Bägülleriň taba gelmän solşuny.

 

Zemini ädimläp çyksam, aýlanyp,

Tereň derýalaryň suwundan içsem.

Özüm bolup özgelerden saýlanyp,

Umman, deňizleriň duşundan geçsem.

 

Özüm bolup galsam çemenli bagda,

Özüm bolup bilsem, şygyr ýazamda;

Okgeçmez jeňňelde, kerkawly dagda,

Perhat kimin dagyň göwsün gazamda.

 

Özüm bolup galsam meňzemän özgä,

“Ynha, bu şahyryň özi” diýseler.

“Yşk mülkünde jepa çeken bu aşyk,

Saklapdyr kalbynda közi” diýsinler.

 

Özüm bolup galmak ýalňyz küýsegim,

Özüm bolup galmak ýolum – ýörelgäm.

Nesip edip berlen menzili geçsem,

Ulus-ile galsa ýagşy ýörelgäm.

 

“Sen” diýsinler ýüzlenende “siz” diýmän,

Çünki bir bolýandyr ynsanda iman.

Ýüzlenende ýüzlenseler: “sen” diýip,

“Men” bolup galaryn menem, bigüman.

 

Şyhmustapa HUDAÝBERDIÝEW

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý bilim hyzmatdaşlygy – dostluk we ösüş köprüsi

Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda sanly bilimiň we sanly ykdysadyýetiň orny

Bagşa tagzymly ömür

Ekologiýanyň goragy-ýaşaýşyň abadançylygy

Ata Watan Eserleri

Ýaş hünärmeniň ylham we tejribe mekdebi

Ata Watan Eserleri

Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy