JEMGYÝET

Türkmenistan-Bangladeş: diplomatik gatnaşyklar 30 ýyl

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Abdul Hamide we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Bangladeş Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Milli Liderimiz gutlag hatynda: “Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýar” diýip belledi hem-de Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, oňyn hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mohammad Abdul Hamide tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

Türkmen-türk gatnaşyklary: diplomaitk gatnaşyklary 30 ýyl doldy

Related posts

Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler giriziler

Tapawutlanan ýerli gurluşyk kompaniýalary Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryna gatnaşarlar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’ın dış politika öncelikleri; su, enerji ve ulaştırma diplomasisi

vepa