SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Italiýa jahankeşdelere gapylaryny açýar

Italiýa jahankeşdelere gapylaryny açýar. 1-nji martdan başlap, islendik adam bu ýurda gelip biler. Munuň üçin diňe resminamalaryň birini görkezmek yeterlik bolar: sanjym şahadatnamasy, bu keseli geçirendigiňiz hakynda kepilnama, 72 sagatlyk ýa-da 48 sagat çalt PSr lukmançylyk barlag netijenamasy.

Häzirki wagtda ýurtda “grin-pass” sanjym pasporty hereket edýär. Şonuň esasynda muzeýlere, kafelere, dynç alyş merkezlerine baryp bolýar we myhmanhana ýerleşmek bolar.

Mälim bolşy ýaly, Italiýada köçelerde agyz-burun örtügini dakynmak talaby ýatyryldy. Bilşiňiz ýaly, Italiýanyň ilatynyň 80 göterimine golaýy eýýäm sanjymyň 2 dozasyny hem aldy.

 

COVID-19: Dünýäde waka we ölüm sany ýokary derejede azalýar 

Related posts

Stambul-Türkmenbaşy ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy

90 günlük wizasyz döwür

Ata Watan Eserleri

Bütindünýä saglyk gününde köpçülikleýin welosiped ýörişi guralar