DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň imperatory Naruhito 62 ýaşyny belleýär

Ýaponiýanyň imperatory Naruhito doglan gününi belleýär. Ol 62 ýaşynda. Bu gün ýurtda milli baýramçylykdyr.

Koronawirus sebäpli çäkli mukdarda myhmanlaryň gatnaşmagynda dabaralaryň geçiriljekdigi bellenilýär. Däp bolşy ýaly, bu gün Imperator we onuň maşgalasynyň agzalary müňlerçe mähelläni garşylamak üçin Tokionyň merkezindäki köşgüň balkonyna çykýarlar.

Naruhito “COVID-19″ ýokanjyna garşy göreşe ünsi çekmek maksady bilen geçirilen metbugat ýygnagyna gatnaşdy.

“Köp adamlar iş ýerlerini ýitirýärler, kyn durmuş şertlerinden ejir çekýärler, ýokanç keseliň netijeleri sebäpli izolýasiýa edilmegini güýçlendirýärler” – diýdi.

Ýokançlygyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ähli zady edýän lukman işgärlerine minnetdarlyk bildirdi.

Naruhito 2019-njy ýylyň 1-nji maýynda tagta çykdy. Ol kakasy Akihitonyň ýaşynyň birçene barandygy üçin tagtdan çekilmek babatda kabul eden kararyndan soňra Naruhito imperator boldy.

Imperator Naruhito Tokionyň öňdebaryjy Gakusýuin uniwersitetini we Oksford uniwersitetini tamamlady. Ol boş wagtlarynda ylgamak we alpinizim bilen meşgullanýar. Ýöremegi halaýar.

 

Pyrtykally köke

Related posts

“Japan + Central Asia” Dialogue was held in Tokyo

vepa

Türkmenistanyň Prezidentine ŞHG-niň sammitine çakylyk

GDA-nyň hökümet baştutanlary Astanada duşuşdy