JEMGYÝET

Saýlaw-2022: Ahal we Mary welaýatynyň teklipçi toparlary dalaşgärleri hödürledi

12-nji martda boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde Ahal we Mary welaýatlarynda raýatlaryň teklipçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Olaryň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesine has mynasyp dalaşgärler hödürlenildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ahal welaýatynda geçirilen ýygnakda ýokary döwlet wezipesinde Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk hem-de keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýew dalaşgär hökmünde hödürlendi.

Maksatmyrat Öwezgeldiýew 2007-nji ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, Ahal welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda interm lukmany wezipesinde işe başlady. 2008-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli welaýatyň etraplarynda düzümiň dürli ýolbaşçy wezipelerinde işledi. 2018-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk hem-de keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinde işleýär.

Mary welaýatynda geçirilen ýygnagyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýew dalaşgärlige hödürlendi.

1999-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny tamamlan Saryýew inžener-mehanik hünärini ele aldy we “Maryazot” önümçilik birleşiginde zähmet ýoluna başlady. 2001-nji ýylda harby gullugyny tamamlandan soňra Mary welaýatynyň “Maşyngurluşyk” zawodynda inžener-tehnolog , inžener-metalist wezipelerinde hem-de 2002-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap, ýurdumyzyň Döwlet energetika institutynda dürli wezipelerde işledi.

 

Saýlaw-2022: ýene-de 2 dalaşgär hödürlenildi

 

Ýene-de okaň

BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antoniu Guterriş bilen duşuşygy

Antoniu Guterriş: BMG-niň Awaza forumy uly ähmiýete eýedir

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

“Atawatan Media” topary BMG-niň Awaza forumyna gatnaşýar

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Awaza geldi