SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý Türkmenistana 5 million sany waksina iberýär

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respulikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady ugurlar bilen bir hatarda ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Häzirki ýagdaý nazara alanyňda, saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň oňyn başlangyçlary, şol sanda lukmançylyk diplomatiýasyny durmuşa geçirmek boýunça öňe sürýän teklipleri aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar.

Hytaý tarapynyň Türkmenistana koronawirus ýokanjyna garşy Hytaýda öndürilen waksinanyň 5 million sanysyny ugratmak baradaky çözgüdi türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklarynyň nobatdaky nyşany boldy.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirilipdi.

Golaýda hem ýurdumyzda Russiýada öndürilen “Sputnik Laýt” sanjymy getirilipdi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar beripdi.

 

Türkmenistanyň we Hytaýyň Prezidentleriniň duşuşygy

Ýene-de okaň

Pakistan Türkmenistanyň bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmegi teklip edýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: ýolagçy gatnawlarynyň täze meýilnamasyny hödürledi

Ata Watan Eserleri

Garahan depe: Müňýyllyklardan aşan rowaýatlar

Özbegistanda Türkmenistanyň iri lukmançylyk klasteri tanyşdyryldy

Türkiŷede gijeki syýahat: Ŷyldyzlaryň astynda aŷlanmak

Türkmenistan bilen Hytaý çaga lukmançylygy boýunça hyzmatdaşlyk eder