Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Gündelik täleýnamany bilmek siziň köpiňiz üçin gyzykly bolsa gerek. Hut şol sebäpli-de, size 2-nji fewral gününiň ýyldyzlaryňyza görä täleýnamasyny hödürleýäris.
Mähriban okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky maglumatlary giňişleýin okap bilersiňiz.
Maliýe ýagdaýyňyzy wagtlaýyn gowulaşdyryp bilersiňiz. Dynç günleriňizi nädip geçirjekdigiňizi pikir ediň, sebäbi olar siziň üçin gaty möhüm bolup biler. Ýyldyzlar syýahata gidýänlere seresap bolmaklygy maslahat berýärler, sebäbi şikesler, ýanmalar we zäherlenmeler bolup biler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Hünär işiňiz bilen baglanyşykly duşuşyklar we saparlar gowy miwe berer. Kynçylykly ýagdaýlara düşmezlik üçin diňe seresaplylyk bilen meýilleşdirilen işlere başlamaly. Saglygyňyza, iýmitiňize üns beriň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Maglumatlar bilen işlemek, gepleşikleri geçirmek üçin gowy gün. Duýgularyň gözegçilikden çykmagyna ýol bermeli däldir. Ýaramaz gahar-gazaplardan gaça duruň. Ol siziň aklyňyzyň saglygyny ýok edýär.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Dawa-jenjelden gaça duruň, ýogsam hüjümleriň we gödek degişmeleriň nyşanyna öwrülip bilersiňiz. Keýpiň üýtgemegine ýa-da impulsly kararlara boýun egmezlige çalşyň. Özüňizi dürsäň we ynamly hereket ediň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Durmuş ýörelgeleriňizi we ideallaryňyzy goramaga taýyn boluň. Öýden uzak gitmek, adamlar bilen aragatnaşykda, köpçülikde köp wagt geçirmek maslahat berilmeýär. Bu gün gyzykly başdan geçirmeler bolup biler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün synaglar size garaşýar. Ejizlige ýol bermäň – ykbal sizi häzir synap görýär. Maliýe ýitgileri bolup biler. Geleşiklerden gaça duruň. Diňe öz düşünjäňize we akyl-paýhasyňyza görä hereket ediň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Amatsyz gün, durmus potensialynyň peselmegi mümkin. Bu gün siz arkaýyn dynç alyp bilmersiňiz. Ähli inisiatiwany öz eliňizde saklamaga synanyşyň. Öz-özüňi goramak üçin ösen instinkt, töweregiňdäki adamlar bilen gatnaşyklary tertipleşdirmekde egoistlige we rehimsizlige sebäp bolar. Ähli şowsuzlyklaryň sebäbini ilki bilen özüňizden gözlemelidigini ýatdan çykarmaly däldir. Özüňizi has tankytlaň.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Durmuş potensialynyň ýokarlanmagy bilen bellenen amatly gün. Başlanan iş üstünlikli tamamlanar. Işewür hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyk saklamakdan ep-esli peýda gazanyp bilersiňiz, ýöne diňe sypaýy we asuda bolsaňyz.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Sizde bu gün hyzmatdaşlaryňyzy bahalandyrmakda ýalňyş düşünjeler bolup biler. Bu gün ýitgi getirjek özüne çekiji tekliplerinden ýüz öwrüň. Hünär işi adatdakysyndan has köp zähmet talap eder. Bu gün üçin hereket meýilnamasy we taktikasy barada anyk we düýpli pikirleniň. Şahsy durmuşyňyzda häzirki wagtda ýyldyzlar siziň üçin möhüm bir zady çaklamaýarlar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Hyzmatda päsgelçilikler, düşünişmezlikler bolar. Hatda özüňizi bagtsyz duýup bilersiňiz. Çagalar bilen düşünişmezlikler bolup biler. Lukmana baryp görmegiňiz ýakymsyz täsir edip biler. Çünki garaşmadyk diagnozy almagyňyz mümkin.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün size garşy gizlin meýilnamalary we dildüwşükleri paş etmek üçin ajaýyp mümkinçilik alarsyňyz. Belki, edilen işden kanagatlanarsyňyz. Emma gahar-gazap we agressiwlik saglygyň ýaramazlaşmagyna täsir edip, ilki bilen size zyýan berjekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.