JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-Hindistan” sammitine gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-Hindistan” ýokary derejeli sammite gatnaşdy.

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň başlangyjy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen sammite Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Sammitiň barşynda çykyş eden Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary Hindistanyň Premýer-ministrini düýn bellenen Hindistanyň Respublika gününiň 73 ýyllygy bilen gutladylar.

Şu ýyl Merkezi Aziýa we Hindistan ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýärler. Köp ýyllaryň dowamynda özara tagallalaryň netijesinde ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklar ýola goýuldy, strategiki hyzmatdaşlygyk pugtalandyrylyp, syýasy, ykdysady, medeni, ynsanperwer we howpsuzlyk ugurlarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär.

Sammitde edilen çykyşlarda Hindistan bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2020-nji ýylda 3 milliard dollara ýetdi.

Hindistan tarapy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy maksady bilen söwda we senagat ministrleriniň derejesinde Söwda-ykdysady platformany döretmek babatda başlangyç öňe sürüldi.

Döwlet Baştutanlary ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda başlangyçlary öňe sürdiler. Bu babatda ulag we logistika konsorsiumynyň döredilmeginiň talabalaýyk boljakdygy bellenildi.

Şeýle hem sanly ykdysadyýet we sanly hyzmat ulgamlarynyň torunyň giňeldilmegi babatda hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagy babatda pikirler öňe sürüldi.

Mälim bolşy ýaly, 25-nji ýanwarda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammite geçirildi.

 

Türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisi gecirildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti BRIKS sammitiniň dabaraly kabul edişlik çäresine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti BRIKS sammitine gatnaşmak üçin Tatarystana bardy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Özbegistanyň energetika ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanda 29-njy gezek nebitgaz forumy başlady

Ata Watan Eserleri

Si Szinpin: hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin

Gazagystan TOPH taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär