JEMGYÝET

Içeri işler ministrine täze orunbasar bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we bu düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.
***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Myrat Babagulyýewiç Babagulyýew Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň maýory Wepaly Durdymuhammedowiç Ataýew Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň maýory Merdan Tejenmyradowiç Muhammetmyradow Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine bellenildi.

 

Aşgabat-Stambul-Türkmenabat ugry boýunça ýörite gatnaw

Related posts

Türkmenistan elektrik energiýasynyň we tebigy gazynyň Türkiýä iberilmägine taýýar

Ata Watan Eserleri

Togan Oral: Nowruz baýramy türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýär

Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä syýahatçylyk wizasyny resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalar

Ata Watan Eserleri