DÜNÝÄ

Türkmenistandan Gazagystandaky wakalar barada maglumat

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Gazagystan Respublikasynda bolýan wakalara barada maglumat ýaýratdy.

Daşary işler ministrliginiň resmi saýtyndaky maglumata görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Gazagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara Türkmenistanyň alada bilen seredýändigi barada habar berýär.

Köpasyrlyk dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de strategiki hyzmatdaşlygyny nazarda tutup, ýurtdaky dowam edýän ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagyna, Gazagystanyň mundan beýläk hem durnukly syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşine çuňňur gyzyklanma bildirýär.

Paýhas, öňdengörüjilik, ata-babalaryň däp-dessurlaryna çuňňur hormat goýmak, gadymy gazak halkyna mahsus bolan çydamlylyk ýaly häsiýetleriň ýüze çykan ähli meseleleri konstitusion-hukugyň çäklerinde hem-de halkara kadalara we düzgünlere laýyklykda çözmek üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys.

Dünýä belli tennisçi sanjym almandygy üçin ýaryşa goýberilmedi

Related posts

Pakistanyň ýolbaşçy düzümi Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär

Rustam Minnihanow Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma gatnaşar

Eýranyň täze prezidentini tassyklady

Ata Watan Eserleri