JEMGYÝET

Adam atlarynyň manysy

 Oglan atlary:

1. Aýytmyrat bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baýramçylykda doglan ogul maksat-myradyna ýetsin’’diýmek.
2. Aýytmuhammet– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy,,Baýramda doglan öwgüli ogul’’ diýmek.
3. Aýytnyýaz– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Baýramçylykda doglan we dilenip alnan çaga’’ diýmek.
4. Ak– bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly,bagtyýar’’ diýmek.
5. Akat-bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Bir ýa-da ýeketäk’’ diýmek.

 Gyz atlary:

6. Aýsoltan-bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Aý ýalynurana gyz gözelleriň soltany, seresi bolsun’’ diýmek.
7. Aýsona-bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Aý ýaly nurana, sona ýaly owadan gyz’’ diýmek.
8. Aýsuluw– bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,, Aý ýaly nurana we owadan gyz’’ diýmek.
9. Aýsülgün-bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Aý ýaly ýakymly, sülgün ýaly owadan gyz’’ diýmek.
10.Aýsülük– bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Aý ýaly nurana, sülük ýaly çeýe gyz’’ diýmek.

25-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlaryna ynsanperwerlik kömegini berýär

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler