JEMGYÝET

Bazarlarda käbir harytlaryň bahasy 50 göterim arzanladylar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyran sapary we şol saparlaryň çäklerinde ýerlerde bazarlarda we söwda nokatlarynda bolup, haryt üpjünçiligi we harytlaryň bahalaryň amatlylygy babatda tanyşlyk geçendigini hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmeginiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa ertirden başlap, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli bazarlarda we dükanlarda senagat we azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwyny guramaga ygtyýar berdi.

Milli Liderimiz adamlaryň dogan-garyndaşlary hem-de ýakynlary üçin sowgatlary almagy hem-de Täze ýyl baýramyny gowy geçirmegi üçin käbir harytlaryň bahasyny 50 göterime çenli arzanladyp biljekdiklerini tabşyrdy.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa sapar eder

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov