JEMGYÝET

Täze ýyl üçin meýilleşdirilen çäreler

Ministerler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Täze ýyly garşylamak üçin görülýän taýýarlyklar barada hasabat berildi.

  • Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri Täze ýyl baýramçylygyna şowhunly tele we radio gepleşiklerini, gysga göwrümli çeper filmleri we dabaralary taýýarlaýarlar.
  • Teatrlarda Täze ýyl sahna oýunlary meýilleşdirildi.
  • Welaýatlaryň “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň ýanynda 24-26-njy dekabry aralygynda baýramçylyk konsertleri guralar.
  • 31-nji dekabrda welaýatlaryň “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň, Döwlet sirkiniň we “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançalarda, paýtagtymyzdaky “Ylham” seýilgähinde sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyrylar.
  • Asylly däbe görä, paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkezi ýurdumyzyň sebitleri bilen teleköpri arkaly baglaşdyrylar. Şol gije baýramçylyk feýerwerki meýilleşdirildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistanda we Pakistanda saparda bolar

Related posts

Türkmenistanda Çagalaryň bütindünýä gününe bagyşlanyp çäreler guralar

Arkadag şäheri-bagtyñ şäheri.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri