SIZDEN GELENLER

Flora we fauna

Durmuşymyzy bezeýän ösümlik we haýwanat dünýäsi özüne mahsus täsinliklerine eýe. Olara aşakda görkezilen “iň, iň we iň…”atly täsinlikleri  mysal getirmek bolýar.

Iň uly tokaý-Taýga tokaýlygy.

Iň beýik agaç- Awstraliýa ewkalipt agajy, boýunyň beýikligi 155 m.

Iň uzak ýaşaýan agaç- Demirgazyk Amerikada ösýän Sekwoýa agajy bolup, 5 müň ýyla çenli ösüp, ýaşaýşyny dowam edýär.

Iň zäherli ösümlik- Strihnos ösümligi.

Iň uly gül- raffleýziýa-arnoldi güli bolup, onuň diametri 1 metre deň. Indoneziýanyň Sumatra aralynda ösýän bu güli- ilkinji gezek gören botanikleriň hormatyna Raffleýza we Arnoldi diýip at dakylypdyr.

Iň kiçi gül-Wolffiýa güli.

Iň uly guş- düýeguş.

Iň kiçi guş-kolibri guşy, Agramy 2 grama deň.

Iň çalt uçýan guş- gara laçyn guşy.

Iň uly maýmyn- gorilla bolup, agramy 200 kilograma deň.

Iň uly gury ýerde ýaşaýan haýwan- Pil

Iň uly suwda ýaşaýan haýwan- Gök kit

Iň uzyn boýly haýwan- žirafa

Iň uzak wagt ömür sürýän, ýaşaýan haýwan-pyşdyl

Iň sowuga durnukly haýwan-pingwin

Iň ýyrtyjy balyk- piraniýa balygy. Ol Amazonka derýasynda duş gelýär.

 

 Ý. Palýazowa

TOHI-niň mugallymy

17-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady