BAE-niň Dubaý şäherindäki “Palm Jumeira” emeli adasynda ýerleşýän “The Palm Tower” myhmanhanasynda dünýäniň iň beýik 360 derejeli howuzy açyldy.
“Aura Skypool” howzy birnäçe desgalary özünde jemläp, 750 inedördül metrlik ägirt uly toplum bolup, şäheriň esasy gözel ýerleri: Burj Al Arab myhmanhanasy, dünýäniň iň beýik Burj Halifasy we dünýäniň iň uly aýlanma çarhyny synlamak bolar.
“Aura Skypool” howzy “asmandaky ada” adyna eýe boldy. Ol myhmanhananyň 50-nji gatynda ýerleşip, 200 metr belentlikde ýerleşýär. Şol myhmanhananyň 52-nji gatynda bolsa synlaýyş meýdançasy hem hereket edýär.
Bu dört tarapa açyk bolan howuzdan diňe myhmanhananyň müşderileriniň peýdalanyp bilýändigi bellenildi.
Onuň irdenki biletiniň bahasy 46 dollar, agşamky biletiniň bahasy bolsa 54 dollar. Bir günlük tutuşlygyna bahasy bolsa 163 dollara deňdir.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, dünýäniň iň çuň howzy hem BAE-de açylypdy.