Özbegistan Respublikasynda 2-nji noýabrdan-10-njy dekabr aralygynda 40 günlük ählihalk bag ekmek çäresine badalga berildi. Ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda ilaty ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmek we ýaşyl zolaklaryň gerimini giňeltmek babatda sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi.
Şol maslahatyň barşynda Özbegistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek çäresine badalga berdi. 2-nji noýabrdan başlap, 10-njy dekabra çenli dowam etjek çäräniň çäklerinde dürli agaç we gyrymsy agaç nahallary oturdylar.
Mälim bolşy ýaly, Özbegistanda “Ýaşyl mekan” milli taslamasyny durmuşa geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Bu milli taslamanyň çäklerinde her ýyl 200 million düýp agaç nahalynyň oturdylmagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem şäher ýerlerindäki ýaşyl zolaklaryň meýdanyny häzirki 8 göterimden 30 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Bar bolan we täze döredilen ýaşyl zolaklar etrap ýa-da şäher häkiminiň karary bilen belli jogapkär adamlara berler. Bu adamlar diňe bir bu sebitdäki agaçlara ideg etmek bilen çäklenmän, eýsem abadanlaşdyrylmagy üçinem jogapkärçilik çekerler.
Abadanlaşdyryş bölümleri ýörite enjamlar bilen üpjün ediler we zerur ýerlerde suwaryş torlary gurlar. Umuman aýdylanda, häkimleriň gurluşyk boýunça orunbasarlary daşky gurşaw meselelerine, agaç nahallaryna we idegine jogapkär bolar.
Mundan başga-da, esasanam suwy az talap edýän agaç nahllarynyň görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin degişli çäreler kesgitlenildi.